3 minut alar
Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada
Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/ Daşary ýurtda ýaşap başlanymda ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady. Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar…
