5 minut alar
Burnout näme?
Bir iňlis tymsalyna görä, daýaw ýaş ýigit pürs satýan söwdagäre hakyna işe durupdyr. Hak-heşdegi göwnüne ýaransoň, ol köpräk gazanmak üçin bar güýji bilen işlemegi ýüregine düwüpdir. Hojaýyn onuň eline palta berip, işlemeli ýeri görkezip gaýdypdyr. Ilkinji iş gününde ol on sekiz sany agajy ýykyp, pürs taýýarlapdyr. Hojaýyn onuň berekellasyny ýetirip, şeýle depginde dowam etdirmäge höweslendiripdir. Muňa ganatlanan işçi ikinji gün has erjel işlese-de, onuň taýýarlany diňe on bäş sany pürs bolupdyr. Üçünji gün näçe azap…