3 minut alar
Ýag_ylyk; ş/t?
Kelleçanagymyň içindäki synamyň üstündäki öwrümleriň garyşyklygy deýin bidüzgün durmuş hasyrdysyndan gaçyp, bir-iki salym "Kellämi diňläýin, içdäkiň sesini, ahy-nalasyny eşideýin" diýip geldim diýsem belki siz ynanarsyňyz welin özümi aldadygym bolar. Aslynda, şu sahypadaky ähli makalalar "Haçandan bäri ýazamogaý" diýip özümi zorlanymdan soň ýazylan, "Disillusionment"-den galany. Emma bu, içimiň boşlugyndan ýaňa däl öýdýän, aşa dolulygyndan ýaňadyr belki. Men, soňky ýyllarda ýazmakdan uzaklaşdym, hatda okamakdanam, diňlemekdenem, belki-de görmekdenem. Uzaklaşdygymça nätanyşlyga ýakynlaşdym, hem özümiň, hem dünýäniň nätanyş taraplary bilen…