3 minut alar
"Aglamaňy bir goý..."
XV asyryň ahyrynda musulmanlaryň Ispaniýada 780 ýyla çeken agalygy soňa gelipdi. Bu ýerde olaryň elinde saklanyp galan ýeke-täk Granada emirligi hem ispanlaryň güýjüni ykrar edip, şolara paç töläp otyrdy. Granadanyň soňky hökümdary Muhammet XII Аbu Аbdulla ederini bilmez, nalajedeýin ýigitdi. Ispanlara garşy eden ýörişinde olara ýesir düşüp, üç ýyl zyndanda oturansoň, olaryň diýeninden çykmajakdyna söz berip azat bolupdy we täzeden tagtyna geçipdi. Soňra, dogrudanam, ispanlar onuň döwletine ýöriş edip, şäherlerini yzly-yzyna alyp gelýärkälerem, ol muňa…
