3 minut alar
Tizlik
Kompýuterlar ýa-da elektron hasaplaýyş maşynlar (EHM) dünýäsi göräýmäne örän syrly we jadyly. Olar ýerine ýetirýän işlerini nädip başarýalar! Oýun oýnaýalar, surat çekýäler, çyzgylary çyzýalar, hatda siziň bankdan alan karzyňyzy nädip üzmelidigini “bilýäler”. Bu enjamlar geň we üýtgeşik zatlar edýändiklerine garamazdan aslynda olaryň içki gurluşynda ýönekeý işler gidip durýar we bir wagtyň özünde ol işleriň diňe birini ýerine ýetirip bilýäler. Olaryň ýerine ýetirýän işleri çylşyrymly ýaly bolup görünsede, aslynda enjamlar köp mukdardaky ýönekeý işleri bir-biriniň yzyndan…