1 minut alar
Çaga aklyňa döneýin...
Seýrek duş gelýän agyr kesele uçran gyzjagazyň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýärdi. Onuň hut şol hassalygy geçirip, bir täsinlik bilen diri galan bäş ýaşlyja oglan jigisiniň bardygyny bilen lukman ondan uýasyna gan guýmagyň ýeke-täk çykalgadygyny mälim etdi. Lukman ol oglanjykdan uýasyna gan bermäge razyçylygyny soranda, onuň ýüzi ak tam boldy. Soňra gözlerini mölerdip: − Men ganymy bersem, uýam ýaşarmy? – diýip sorady. − Howa, şeýtsek uýaň hökman ýaşar. Şondan soň oglanjyk aýgytlylyk bilen başyny atdy. Gan guýmak…