2 minut alar
GÜN DOGANDA...
Daglara birden agşam düşdi. Bu nätanyş daglarda ugruny ýitiren ýalňyz dagçy türgen howlukmaçlyk bilen dagyň depesindäki gaýalardan aşak inmäge başlady. Birden onuň aýagy gaýanyň kemerindäki eňňitden sypdy. Ol özüne gelip gözüni açanda gije mazaly düşüpdi. Ony diňe bilindäki ýüp howada asyl-asyl saklap durdy. Bu garaňky gijede Aýdyr ýyldyzlardan nam-nyşan ýokdy. Daş-töwerek şeýlebir tümlükdi welin, häzir elleriň bilen howany sermeleseň bu gos-goýy tümlük tüýjümek gara keçe kimin elleriňe geläýjek ýalydy. Tutuş dünýä dagçy üçin şol keçäniň…