1 minut alar
BAGDAKY BUÝSANÇ
( Barysynyň başy “B” bilen başlanýar ) Baýram,Batyr Baga bardy. Bagban bişen badam berdi (Kaýum Taňrygulyýew) Batyr bilen Begençleriň baglary bar.Bular baga baranlarynda Batyr begenjine bökjekläp: Begenç,bu beýilere bir baksana! Beýle beýiler başgalarda-da barmyka?! Bardyr,Batyr,bardyr.Beýlekileriň beýilerem bularça bardyr-la.Beýiniň bal-a baljan bolýar-ow. Baý-ba,beýiniň baly baljan bolmasa bolmaz-a. Birdenem Batyr beýleräk-de bir baga baglanan baggoýna bakdy-da: Beh, Begenç, bir-ä bu baggoýny baga baglapdyr.Baggoýny bagda bakjak boldumyka?! Bolup biler, bilmedim-dä. Begenç, bolmasa, bu baggoýny bagyndan boşadaýsak bolmazmyka?! Bo-how,…