2 minut alar
Başgalaryň Pikirleri Hakynda Özüme nesihat Gijräk bolsa-da durmuşyň ýene bir hakykatyna göz ýetirdim. Adamlaryň sen hakyndaky ýalňyş pikirlerini üýtgetmäge synanyşmak, deňze daş atmak ýaly boş zatdyr. Sebäbi her bir adam beýlekilere özleriniň gözýetiminiň, durmuş pelsepesiniň we içki dünýäsiniň äpişgesinden serederler. Sen näçe gowy, dogruçyl, ahlakly, hoşniýetli bolsaň hem, başga adam saňa öz garaýşyndan baha berer. Şeýle ýagdaýda özüňiň gowudygyňy olara subut etmek bolsa düýbünden peýdasyz işdir. Dogry, köpçüligiň pikiri güýçli zatdyr. Ýer şarynyň tegelekdigini goldan…