Öýüň ýylylygy
2 minut alar
2018-nji ýylda, men ýokary bilim almak üçin daşary ýurda gitmek kararyna geldim we gitdim. Täze bir ýurt, täze durmuş, täze tejribeler - bu döwür meniň durmuşymda täze bir sahypa açdy. Täze ýerler, täze adamlar we dürli mümkinçilikler meni özüne çekdi. Her gün täze bir zat öwrenýärdim, täze dostlar edinýärdim we dürli medeniýetler bilen tanyşýardym. Bu döwür, meniň üçin täsirli we gyzyklydy.
Ilkinji aýlar meniň üçin diýseň täsirli boldy. Uniwersitetiň köpugurly durmuşyna goşulmak meni özüne çekdi. Okuwyň ilkinji günlerinden başlap täze dostlar edindim. Şeýdip 1-nji ýylymyň nädip geçenini özüm hem duýmany galdym.
Emma welin wagt geçdigiçe, meniň ýüregimde bir boşluk döredi. Maşgalamdan uzakda bolmak, olaryň ýylylygyndan we mährinden mahrum bolup gezmek meni agyr ýagdaýa düşürdi. Her gün öýe jaň etmek, ejemiň sesi, babamyň maslahatlary, garyndaşlarymyň güler ýüzleri meniň üçin iň uly teselli boldy. Her jaňda men maşgalamyň söýgüsini duýdum. Olar meniň durmuşymda iň uly goldaw boldy. Men 2-nji kursy dynyp öýe giderin we öýdäkileri görerin diýip otyrkam Koronawirus sebäpli ýollaryň ýapylmagy, meni okuwy doly gutarýançam şol ýerde galmagyma mejbur etdi(gynansakda). Şeýdip diňe imo’da gürleşip gezmeli boldum okuwy dynýançam. Ahyrsoňy ýyllar geçenden soň, 2023-nji ýylyň sentýabrynda, okuwy tamamlap, men öýe gaýdyp geldim. Öýüme gelenimde, maşgalam meni mähir bilen garşylady. Olaryň gözlerindäki şatlyk, ýüreklerindäki mähir meniň ýüregimi doldurdy. Bu pursatlar, meniň üçin iň gymmatly pursatlar boldy. Her gujaklaşma, her ýylgyryş, her söz meniň üçin diýseň gymmatlydy.
Ýöne gelenimi garyndaşlarym bilenokdy, sebäbi olary geljegimden habarsyz etmek isläpdim. Şeýdip garyndaşlaryma habar bermän, ertesi güni öýlerine tötänden bardym. Olaryň gözlerindäki şatlyk we garaşylmadyk duýgular meniň üçin iň täsirli pursatlardan boldy. Meni ilki görenlerinde tanamany durdular, gözlerine ynanyp bilmediler, soňra meni gujaklap, göz ýaşlaryna gark boldular. Ol günler meniň ýüregimde hemişelik yz galdyrdy, hiç ýadymdan çykmajak pursatlara öwrüldi.
Indi men bilýärin: maşgalanyň gymmaty, daşary ýurtda geçiren döwrümiň her pursadynda has köp duýuldy. Öýüň ýylylygy, ejemiň mähirli gujagy, babamyň paýhasly sözleri, garyndaşlarymyň güler ýüzleri meniň üçin iň uly baýlyga öwrüldi. Olaryň ýanynda bolmak, olaryň söýgüsini duýmak meniň üçin iň gymmatly hazyna boldy.
Daşary ýurtda geçiren döwür meniň üçin täsirli tejribe boldy. Emma, iň uly baýlyk, iň uly gymmat - maşgalaň gadyryna ýetmekdir.