Teswirler (16)

Ýüklenýär...
User Avatar

iliň 🔥 ýaly çagasy

ondan-mundan iň soňynda durmyşdan manifestolar

3 minut alar

durmuş ne uzyn, ne gysga. suw mysaly kä wagt tolkunly, kä wagt adaty, gysgaça keýpine görä. mydama bir zatlaryň yzyndan ylgaýas, ýöne ylgaýan zatlarymyz hakykatdan hem öz isleýän zatlarymyzmy ýa-da goňşyň ot ýaly çagasyndan galmajak bolup şol ylgap ýörşümizmi? bolýa, ylgaýan zatlarymyza ýetdik. indiki ylgamaly zat näme? ýadamadyňmy? çyndanam ylganyňa degdimi?

dogulýas, islegimiz boýunça bolsada/bolmasada. ene-atany hem saýlap bilemizok. nähilli ene-ata saňa düşjegi hem näbelli. gowysy düşse hem öpüp, başyňa täç edibermeli. hemme zadyň başy ene-atadan başlaýamyka diýýän, sebäbi gelejekdäki bir asylly adam hem, bir manýak hem şol bir sistemadan gelýäler. bagtymyz gülmedi, öz içimizde elmydama bir zatlaryň ýetmeýän duýgusy hiç haçan yzymyzdan aýrylmaýa. durmuşda hem şol sebäpli material durmyşda manysyzylykdan many tapjak bolýas? çaga wagtyň iliň ot ýaly çagasy bilen deňeşdirelendäki gaharly çagajyk ömür boýy bir zatlardan yza galak duýgusyny, ýüzüňe urylan şarpyk ýaly durmyşyň her ýerinden böwsüp çykar. aslynda bize gerek zat deňeşdirilmek dälde, bize goldaw bermek, ýolumyzy ugrukdyrmak, kömek etmek. gaty kän zat isleýäsmi ýa-da biz narsist bolýasmy?

ulalasymyz gelmän ulalýas, gelejegi pikir etdikje pikir ummany bizi öz içine çekip alyp barýa. ene-ata, dogan, garyndaş, millet, döwlet bizden okap, işläp, öýlenip, çaga edip-ulaldyp, pensiýa çykmagymyzy isleýäler. ýöne şul sistemanyň içinde niresinde biziň duýgularymyz we pikirlerimiz üns berilýär? arasynda duruň, ýadadym, azajyk dynç aljak diýesimiz gelýär. diňe dynçy ölemizden soň alyp bilýäsmi? ýaşamak şu zatlar bolsa robotlardan näme tapawudymyz bar? bizi bir-birimizden tapawutlandyrýan zatlar duýugularymyz, pikirlerimiz, düşünjelerimiz dälmi?

ulalýas, ýetginjek bolýas birini gowy görmek duýgusy döräp başlaýa. bu duýga populýar jemgyýetde söýgi diýäller welin söýginiň manysyny düşündir diýseler her kimden başga-başga sözler çykar. häzirki döwürde her kim garşy tarapdan bir topar zat gözleýä, ýöne gözleýän zatlary özünde ýok ýa-da ýetmeýän zatlarmy? ene-ata söýgüsi görmedik biriniň nähilli söýgä açdygyny gözünden görmek hem bolar. käbiri pully gerek diýer, käbiri ýüregi baý bolsun galany hiç diýer. aralarynda özümize görä biri duş gelermi ýa bolmajak adamlar bilen bolmajak dumruşyň içinde ýörerismi?

ulalýas, durmuşda aç galmajak bolsak, okap hünär edinmeli bolýas. köp adam çagalykda men palan bolasym gelýän diýip şol zady bolýalar. ýöne bizde näme üçin beýle işlänokka? bir topar edesiň gelýän zat bar ýöne saňa biçilen timeframe-de onça wagt ýok. hünäri öwrende ýigren etjek bolsak hem ne onça höwes. biz näme etmeli? bizi ugrykdyran bolmanson biz şeýle ýolumyzy ýitiren duýýasmy? ýa-da ýekelekik şeýle dogan, öz başyňy özüň çaramaly dünýäsinde ýykylyp-turyp öwrenmelimi?

ulaldyk, aç galmajak bolsak pul gazanmaly. öňler bu pul ujypsyz puldy welin nä wagt lýuks boldy. zähmetiň deriň bahasy beýle ýere urylyp arzanladylan dünýäde nä dejerede puly alada edip bolmajak? hemme zadyň soňy şoňa barýa. şol sebäplem hemme psihologiki meselelerimiziň soňy şoňa gelýä dälmi? maňa palança ýeter diýýäň welin şoňa ýetensoň hem ýetmeýänligini görýäň. ýetmeýän zat biziň açgözlügimizmi ýa-da elimizdäkilerden nalaýandygymyzmy?

garrarys, bir topar gören zatlarymyz, ajylarymyz, süýjilerimiz, puşmanlyklarymyz bolar. elmydam wah şuny etsedim diýerdik. ýöne şony etmän muny edeniň üçin seni sen eden zatlar dälmidir? eger sen, şony eden bolsadyň wah muny etmeli däl eken diýerdiň. durmuş saýlawlardan doly. her biriniň arkasynda başga hekaýalary yzyndan süýreýä. aslynda sen şolaryň haýsysynyň yzyndan ylgasyň gelýär?

bellik: ýokarda ýazylan zatlaryň ählisi meniň iç gepletmelerim. size görä dogry bolup biler/bilmez. iň gowsy sizem özüňizde bolýan zatlary we garaýyşlaryňyzy teswirlere ýazsaňyz interaktiw dertleşýän ýaly bolarys iň bolman.

252 |
|