Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

iliň 🔥 ýaly çagasy

ölüm we ýaşaýyşyň arasynda ýitip giden umytlaryma tutunma hyýaly

1 minut alar

boşluklar hiç ýapylmajak ýaly, sowuk ýeliň öwüsişi ýaly içimdäki sesler…

manyny her zatda gözlemek, ýöne manyny ýanyň bilen daşamak. gün geçdigiçe agyrlaşýan ýük, umytlarymy ezýän ýaly. duryp umydymy tertiplemek, üstümi kakyşyma meňzemeýşi ýaly. soňky göz ýaşym deňizi çoşduruşy ýaly içimde bir çökgünlik, saharany ýakyşy ýaly. gözlerim uzaklarda bir umyt garaşmak, ýanymdaky umydymy öldürüşim ýaly. umyt etmegiň ýadawlygy, durmuşa hiç aýak goşup bilmeýşim ýaly. damarlarymda akýan ganyň soňky damjasy ýaly bu durmuş käsesinde bogulyşym. nämä gerekdi munça pikirler, erkinlige uçmak barka?

bilýän, biraz depresiw. ýöne bu zatlaram biri gürleşmesi gerek. adam özüçe durmuşyna bir topar many çykarýa. her bir adamyň deň bolmaýşy ýaly her bir adamyň manysy hem başga-başga. yzyma seredýän onça zatlar, öňüme seredýän görünmeýän tupanly depeler. sisifos mysaly daşymy ýerine goýmak üçin edýän hereketlem arasyndaky döreden ýaralary meni durmuşa ýene bir gezek özünden sowatýar. ene-atamyň tötänleýin bolan ökünçlerinden birimi men, ýogsa saýlama adamlardan biri hem men diýmelimi?

güniň aýdym maslahaty: Adagio for Basson (arkada şunyň bilen şul makalany okamak).

125 |
|