Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

iliň 🔥 ýaly çagasy

ölmek, direlmek we täzeden ýene ölmek

2 minut alar

kä wagt şeýle ölesiň geler,

kä wagt hemme zat taýyn wagtam ölüp bilmemek,

kä wagt aslynda sen ölüdirsiňem.

nietçe daýynyň aýdyşy ýaly “öldürmeýän zat güýçlendirer” mende asyl işlemedi şu kanun. günleri saklap bolanok, aýlam-aýlam aýlanýa dünýä men bolsa ýene şol öňki ýerimde. ne aňary, ne bäri. gysga wagtlyk illuzýalarda ýaşap ýören beýnim. hemme zady gaty kän pikir edýän kelläm, kä wagt soguryp zyňasymam gelýä. pikirlenmejek bolýan, ýenede bolanok, ýenede batýan öz çukuryma. öz-özüme ýetip bilemok, biriniň kömegi, biriniň eli, armanda galan birilerine garaşmak bilen geçip barýa ömür. täze zatlary barladym, hiç haýsam ýokanok, hiçisem öňki ýaly däl ýa-da men öňkilerde galdym. bir ýere köklenmek, kökleriňden aýrylasyň gelmemesi, nirä gitseň git yzyňdaky toprakdan yz daşamak. hiç-kimiň “näme derdiň bar?” diýip soramaýan dünýäsinde, birinden suwsaýan ýaly suwa garaşmak, derdiň dermanyna garaşmak meni her geçen gün ýekeligimdäki ölüme ýakynlaşdyrýa. kä wagt pikir edýän bipolar, şizofreniýa ýa mania haýsysykam men diýip. hersinden bir zatlar bar bolmasy meni hassa edýärmi ýa men ýokdan ýere hokka çykarýanmy? “körpe, durmuş gül ýaly” diýesim gelýä öz-özüme, iň soňynda ýene özüme “körpe, wagtyň doldy ýöräli” diýip gutarýan her geçen gowy zatlary. kä wagt pikir edýän onça doganlardan nädip men saýlandymda şu ýaşyma gelipdirin. onça dert, onça ýük ýene suwyklykdaky piksel ýagdaýyma gidesim gelýänim ýatlatýar. bir tarapdan içimdäki cioran, bir tarapdan içimdäki camus bir-biri bilen çekişmesi ringdäki rezine öwrülmäm. günlerim bipolar ýaly, bü gün gülýän, ertir aglaýan. “bu günem geçdi, bu günem ölmedik. ýa nesip ertire” diýip ölümi çagyrmak, ölümi taňsa çagyrmak. iň soňynda taňs oýnamak, we ýenede bolşy ýaly soňky momentinde öz ygtyýarymyň daşyndan bedenimiň ýaşamak üçin dyrjaşmasy, “ýenede öldürmedi” diýmek. indiki sazyň başlamasyna garaşmak ýa-da garaşman özüň sazyň bilen ýene barlamak. haçan bolar, gulagym sende. indiki saz başlaýança, görüşerisda.

138 |
|