“Nik-nik” oýny / kliffhenger-kyssa
4 minut alar

Internet geldi-de, dünýe birhili bolaýdy.
Dogrusy, ilk-ä ýamanam däldi.
Näme üçin?
Sebäbimi?
Sebäbi, adamyň ten-ä ýöntem, ruham – görmediginiň, görübem bilmejeginiň sepili.
Ten – kanagatly.
Ten – takdyryna kaýyl.
Ten – takdyryna “ten” beren.
Ol özüne berlenje mümkinçilikden doly yrzalyk bilen, üşemese, yssylamasa, ajygmasa, ýatsa-tursa, rahatja bolsa, “beýlekije-de” käbir etsem-petsemleri üpjünlense, başga zat küýsäbem barmaýar.
“Köňül” diýilýän bikarar weli, beýle däl. Onuň üçin hemişe-de, hak şahyr aýtmyşlaýyn: “görmedik baglary gözel ýaly”.
Ol haýsy tende doglanam bolsa, birwagtyň özünde aýalam bolup göresi gelýär, erkegem.
Haýwanam, ynsanam.
It-guşam, mör-möjegem.
Hatda, käte-käte melgundyr perişdede...
Ýöne, “garynjaňam bili bilip boglupdyr” diýleni, internetden öň beýle mümkinçilik ýokdy.
Bolaýanda-da, haýsydyr bir garadangaýtmaz soňuny saýmazagyň biri şeýtmäge het edäýende-de, şol kelesaň, sürüden saýlanyp, öz akmak, bikarar ruhunyň islegine eýerip, şeýdip, birwagtyň özünde “herhilijekden birhilijek” bolup başlaberse, ony, endigi adatylyga eýlenen köpçüligiň, edil, guduzlan itiň agzyna düşen köne sanaja dönderjekdigi köre hasa.
Emma, internet geldi weli, bu zatlar örän, örän aňsatlaşdy oturyberdi.
Real ýadatdymy?
Sümüldiň wirt-ketegiňe!
O taýda-da sen, nikiň zapomnit/sohranit edilen parolyny girizdiň.
Ine-de eýýäm sen, isleseň-ä gözel gyz.
Isleseňem merdana goç ýigit.
Isleseň, danyşment filosof.
Isleseň, alym ýa mugallym.
Ýa-da öz edermenliginden ýaňa huşy başyndan uçan bozgagyň biri.
A eger-de isleseň, reg.-lenen (agza bolan) saýtyň ýa-da saýtlaryň on bäş sany penjiresini, kompuň ýüzünde aýratynja edip açýaň-da, her nikiňem özbaşynajyk onlaýn edäge-de, hemmesem birden bolup bilýäň...
Ine şuňa-da “nik-nik oýny” diýilýän bolmaly.
Bu-da, ilki-ilkiler-ä, öz güni bilen başagaý bolandygy zerarly, kän bir, bü: “inet-sinet”, “web-seb”, “saýt-paýt” diýen ýaly, bolgusyz wagt zaýalama hasap edýän närselerine, jinnekçe-de üns bermeýärdi.
Emma, soň biraz işi ugrugyp, eli giňeşdi.
Onsoň azda-kände boşlawrak wagty emele geldi.
Oňa çenli “net” diýilýän ala-hara hasam, dolup-daşyp, durmuşa mäkäm ornaşdy.
Onsoň bu-da “nik-nik oýnunyň”, hyýaly, wirtual bolsa-da, edeniňi edip bolýan ajaýyp dünýäsini özi üçin açdy.
Şondanam başlady.
Bir niki bar: @Zöhre.
Onda ol, ajaýypdanam owadan näzeniniň suratyny awatar edinip, kileň ýaş ýigitler (ýa-da: “...dir” öýdýänleri) bilen ýuwandan-ýuwan jilkildeşýär.
Ýene bir net-lakamy: @Muwapyk.
Onda ol, şeýlebir akylly, şeýlebir salyhatly, şeýlebir edepli, şeýlebir sowatly welin, çekip-çydar dagy ýaly däl. Forumlardaky (söhbetdeşliklerdäki) pikirleridir-teswirlerini okanyňda, olardan dolup-daşyp, çogup çykyp duran dogrulykdan ýaňa...
...ögäsiň gelip başlaýar.
Emma, bu-da onuň...
...hoşuna...
Diňe bu ýa-da başga bir zat däl: bü, onuň özüni dem salymda hemme kime we hemme zada öwrülip bilýän jadyly ebirun (gurda öwrülip bilýän jadygöý ynsan) hasaplaýan wirt-dünýäsinde, ähli zat onuň...
...HOŞUNA.
Onsoň ol eger-de, owadan hem näzik jenan bolmakdan ýa-da gowulygy bilen dişiňi pytradyp gelýän muwapyk ynsan bolmakdan irse, ol web-atlaryny birsellem öz gününe goýýar-da, bökýär ýene bir saýt-tahallusyna.
@Delmurgan.
Näme bi?
Asla bu söz, nämäni aňladýar?
Hudaý bilsin.
Kellesine geldi-de, täze saýta agza bolanda ýazdy goýberdi.
Şondan bärem ol, saýtda kim özüne, ha gowy, ha erbet, islendik söz aýtsa, gepde “gyzyl ýumruga” girmäge mydam taýýar @Delmurgan.
Onda onuň bu oňşuksyz, dawaçyl nikini nämüçin admin ýa-da moder banlap taşlamaýar?
Sebäbi, olara-da şunuň ýaly saýtyň jöw-jöw üýrüşilýän şüweleňini artdyrýanja kümsük nikler derwaýys gerek.
Şolar ýalylar bolmasa, haýsy saýtyň gyzygy bolsun-a?!
Ýapon alymlar aýtmyşdyk: “Siňegiň DNK-sy bilen adamyňky birmeňzeş”.
Şeýledir şol.
Iň bolmanda, bü-ýä ýamanam berk ynanýar, şonuň şeýledigine.
Çünki ikisem, esasan poha gowy gonýar, has işdämen agyz urýar.
Ýöne, onuň öz pormusyny ondan-oňa öwrüp-çöwrüp, islän keşbine girmegi bu “@Delmurgançylyk” bilenem gutaraýanok.
Bu “nik-nik” oýnunyň özüne maýyl edip taşlaýan mümkinçiliklerinden hiç doýup, hiç ganyp bilmeýän onuň başga-da ýene onlarça wirt-keşbi bar.
Awatarly-awatarsyz.
Agzadaşlary tarapyndan sylanýan-sylanmaýan.
Ýigrenilýän, ýigrenilmeýän.
Ynanylýan, ynanylmaýan.
Ol özüniň özüne döredip beren wirt-dünýäsinde, özüni edil, Jorj R.R. Martiniň “Buzuň hem oduň aýdymy”-ndaky, Köpýüzli Hudaý, Gara Geçi, I Ti – Gije Ýolbarsynyň wasany goýlan keşişhanadaky Ýüzsüz agta keşiş ýaly duýýar.
Ol birwagtyň özünde hemme zat...
Bu eşretli oýnam kän wagt dowam etdi.
Emma...
***
Günlerde bir gün, ol, gije, öz düşeginde, eli smartfonly, internetiň gijelerine has çalt işleýändiginden peýdalanyp, hemişekisi ýaly “nik-nik” dünýäsinde, göýäki bir gök ummanda aga-döne ýüzýän balyk deýin, ýüzüp ýatyrka, birdenkä kellesinde eşidilip gitdi:
-Sälämler, žaniçgäm!
Oslagsyzlykdan ýaňa ol aňk-taňk boldy.
Düşeginde zöwwe dikeldi-de, töweregine ýaltaklady.
Iküç sekunt duýdansyz çalt gürsüldäp başlan ýüregine ser salyp oturybam, azajyk köşeşdi.
“Gulagyma eşidildi öýdýän” diýip içini hümletdi: “Şu internetem kän oýnamaly däl-ow! Ýogsa beýniň ýöräp başlajak bolýa”.
-Ä menjagaş žaniçge-de saňa şony diýesi tutup otyr-da, žänjagaşym bala!
Bu sapar bu jümlä onuň heýýaty göçdi.
Ol, bu çakdanaşa süýnüp-sarkyp, dilini aýnadyp näzirgeýän owazyň, hut öz beýnisinde eşidilýändiginem aňşyrman, göýä ol daşardan gelýän ýaly, laňňa galdy-da, daş işige haýdady.
Çykyp-çykmanka-da kellesindäki kikirdedi:
-Hi-hi-hi... nä mymyjak ýeriňe ispiçge basylan ýaly ot alaýdyň-la, žäniçgäm?!
Ol gapynyň gulpuny şakyrdadyp, açdy-da, daşaryk badyna çykdy. Soňam sesiň kellesiniň içindedigi aňyna ýetip kürtdürdi:
-Kim-eý sen?-diýip, näme üçindir gorka-gorka sorady.
-Kim bolaryn, gyz, žäniçge?! @Zöhre men! Seniň @Zöhräşkäň. Hi-hi-hi... Dagy kim bolar öýdýäň-ä, hä žianym?!
Onýança, ol bu kellesindäki sese jogap bermänkä ýetişmänkä täze ses geldi:
-Gapdyrsana-how, şy ganjygy! Bizar etd-aý war-a, sluşaý!
Kelläň eýesiniň kellesi çaşdy.
-E...e...eý... in...in..di s...s...sen k...ki...kim-aý-ow?!-diýip ol, erkinden biygtyýar şakyrdap başlan eňegine zordan diýen etdirip, sakawlady.
-Kim moň-aý, milä?! Iň atduşi broň @Delmurgandyryn-da-how! Nä, dagy, o haçan görseň, ile mugtjak akyl satan bolup ýören, düzüwje mahawyň @Muwapykdyr öýdýäňmi?!
-Hormatly bolmasaňyzam, edepli-terbiýeli adam hökmünde size: “hormatly” diýip ýüzlenmäge örän salyhatly dykgatyňyza ýetirmek bilen, men sizden köp gadyrly @Delmurgan, gaýrat edip özüňiziň hapa-hupa agzyňyz bilen meniň mübärek ismimi tutmazlygyňyzy ägirt uly haýyş edýärin! Size öňünden minnetdarlyk bildirmek hem-de size şunuň ýaly düýp-teýkary bilen tükenen bihaýalygyňyz üçinem jan saglygyny dileýän, men - @Muwapyk ýagşyzada!
Ýylp...
Beýni götermedi.
Öçdi...
***
Yzy?
Nämäň?!...