Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

26 Mart 2023

Nesibe (bolan waka)

5 minut alar

  Uzak gijäni çirim etmän geçiren Arslan otlynyň Aşgabada golaýlaýandygyny daş-töweregindäki adamlaryň hysyrdylaryndan aňdy. Bu pursat ol özüni gaplap alan gorky gatyşykly näbelli duýgulara erk etmäge çalyşdy. Özi bilen deň, mümkin ondan hem beter gijäni binjalyk bolup geçiren garşysynda oturan ejesinden nazaryny sowup, aladaly gözlerini gizlejek boldy. Ine-de otly soňky duralga gelip ýetdi. Ýolagçylar yzly-yzly orunlaryny boşadyp başladylar. Arslan üçin bolsa ýolbelediň açyp goýan gapysyna tarap ädim ätmek onuň güýç-gaýratyny synaýan ýalydy.

-       Oglum, bizem ýuwaşlyk bilen düşübereli indi – diýen ejesine başyny atyp,

çala ýylgyryp bakdy-da, bir çüňkde söýelgi duran iki sany pişegini eline aldy.

Wokzalyň şunuň ýaly durmuşyny Arslan ilkinji gezek görýärdi. Goş-golamly, çagaly-çugaly, ýaşlary uly we kiçi adamlaryň ikiýana ýörişleri, goh-galmagallary onuň sustuny basdy. Üstesine-de, ýene bir ýagdaý ýüze çykdy. Otlynyň birinji däl-de, ikinji gatnaw ýodasynda gelip durmasy bolsa onuň bar arzuwlaryna badak salan ýaly boldy. Otlydan ýeňil ulaga çenli iki ädimlik ýol basgançak-basgançak uzak ýola öwrüldi duruberdi. Bu ýagdaýa onuň pişeklerine daýanyp duran göwresi hasam agyrlaşdy. Göwnüne bu ýol otlynyň uzak menzil aşyp gelen ýolundanam has uzak bolup göründi. Ýanlary bilen alyp gelen el goşlarynyň ýeke özem ejesine ýeterlik agram berjekdi. Ýöne şonda-da, ejesi myhman ýerimize süýjülik bilen baraly diýip, Tejeniň duralgasynda gujagyňy dolduryp duran goşa gawunam alypdy. Owalam özüni agram saýyp gelýän Arslan bu zatlary ejesiniň ulaga çenli nädip aşyrjagyny, özüniň kömek edip bilmeýändigini pikir edip, muňa hasam kejebisi daraldy.

-Wah, şu ýagdaýda okuw nämäňe gerek?! Ýeri, gelmesem bolmaýarmy?! Wah, ejemjan! Meň üçin ähli kynçylyklara döz gelip bilýän, meň arzuwlarym üçin göreşip bilýän ejemjan! – diýip, kellesini aşak egip, dişini gysdy. Arslan kellesinde aýlaýan bulaşyk pikirlerden gelen netijesini daşyna çykardy:

           - Eje, gowusy yzymyza gaýdaly, meňki bolmaz.

            Oglunyň bu sözlerine üns bermedik ene, niredendir bir ýerden gelen güýje daýanyp, iki gawunam ýeňillik bilen ellerine alyp:

-       Ýör, oglum, nesibämizde bolsa, bolar – diýip, nesibä tarap uly ynam bilen

ädimläp başlady. Ejesiniň yzyna ýuwaşlyk bilen düşüp barşyna, şu ýagdaýa getiren ähli bolup geçen wakalar Arslanyň göz öňünde janlandy.

      Iki ýyl Watan gullugyny abraý bilen berjaý edip gelen Arslan ýaş ýigitleriň köpüsiniň höwes edýän harby talyby bolmak arzuwyndady. Şol arzuw bilen hem resminamalaryny şol ugurdan ylym-bilim berýän ýokary okuw jaýyna tabşyrypdy. Synaglar golaýlaşdygyça, onuňam özüni harby geýimli talyplaryň hatarynda göz öňünde getirmesi artýardy. Ýöne ýüze çykan ýagdaý Arslany giriş synaglaryndan alyp galdy. Günleriň birinde ol eline alyp barmaly resminamalaryny takside galdyrdy oturyberdi. Olar tapylýança-da, synaglar geçip gitdi. Şeýdibem, Arslanyň harby talyby bolmak arzuwy puja çykdy. Keýpsizligini, özüne bolan gaharyny basmak üçin ol obanyň gündelik işlerine gün ýaşýança gümra boldy. Okuwa bolan höwesem gaçdy. Oglunyň bu halyna gynanyp, ejesi bir gün agşam çaý başynda gürrüň açdy:

-       Arslanjan,ýogsa-da sen fizikanam-a gowy görýädiň, kakaň kesbini dowam

etseň näme? Mugallymçylyk institutlaryna, uniwersitetlerine giriş synaglary indi başlaýar, synanyşmak isleseň-ä, ýetişerdiň resminamalaryňy tabşyryp.

Ejesiniň bu gürrüňi Arslany pikirlendirdi. Mekdepde okaýan döwri ol takyk ugry, hasam fizika dersini uly gyzyklanma bilen okaýardy. Dersara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňijem bolupdy. Bulary ýatlap, Arslan ene-atasynyň beren maslahatyna eýermegi makul bildi. Täzeden oýanan höwes bilen ol resminamalaryny ýene-de ýokary okuw jaýyna tabşyrdy. Giriş synaglaryna taýýarlanyp ýörşüne, ol öýüň işine-de goltgy bolmak isledi. Mal-garaly hojalyk bolansoňlar, gyşyň aladasy tomusdan edilerdi. Arslanam gapyň agzyndaky mellege ekilen oty özi ýygyp, basyp bolansoň, täze mellek ýerlerine ekilen otuň üstüne gitdi. Okuwyny okasyn, synaglaryna taýýarlansyn diýip, kakasy bu ýeriniň otuny ot orýan enjamy bilen obanyň otyny ýygyp ýören oglana tabşyrypdy. Il arasynda käbir adamlara “emgege ýakyn-da” diýilýär. Arslanyňkam şol boldy. Edil emgeginiň üstüne baran ýaly boldy. Gapdalynda dost oglanynyň armasyny ýetireýin diýip, gürrüňe güýmenip durka, birden ot orýan enjam aýagynyň topugyndan geçip gitdi. Geçen gezek ýitgi okuwa bolan badyny saklan bolsa, bu gezek ýöräp barmaly aýaklary tutuş göwräni düşüge baglap oturyberdi. Indi muňa näme diýjek?! Gerekli lukmançylyk bejergi berilse-de, entek aýaga galmak üçin wagt gerekdi. Bu bolanlara ejesi näme diýjegini bilmedi, diňe dileg edip, oglunyň ýanynda iýjegi-içjegini berip, derdini ýeňlätmäge çalyşdy. Arslanyň bolsa ýene bar zada höwesi gaçdy. Owalam aladasy ýetik ene-atasyna keşigini çekişmäge derek, ýene olara ýük bolýanyna ýüregi bilen gyýylýardy. Ejesiniň yhlasy, dilegi bilen Arslanyň ýarasy gün-günden bitip barýardy. Ýöne entek öňküsi ýaly aýaklary göwräni göterip, özbaşdak ýöräp biljek däldi. Synaglaram golaýlap gelýärdi. Bejergi berýän lukman bilen maslahatlaşyp, giriş synaglaryna gitmeli diýen karara geldiler. Munuň üçin bolsa pişekler alyndy. Arslan ýaly güýç-gaýratly Arslan pişekli ýöremekligi gaty ýokuş gördi, töweregindäkilerden öz halyndan utandy.

Otly menzilinden daýylaryna gelip düşensoňlar, daýzasynyň gadyr bilen bezän saçagyndan iýip-içip, gülüşip-degişip, birneme dem-dynjyny alansoň, Arslan wokzalda düşen ýagdaýyny unutdy. Ýatmazyndan öň ol ýene kitapdyr depderlerine göz aýlady.

Synaglaryň birinji güni. Uniwersitetiň howlusy ýaş oglan-gyzlardan doly. Her kim näçe başagaý bolsa-da, synaga pişekli gelen oglana üns bermän bilmediler. Adamlaryň her biriniň naýynjar bakyşlaryny Arslan ýüzüni aşak salyp barşyna duýup barýardy. Näçe çalt ýöremek islese-de, köpüň nazary ýöräp barýan ugrunyň garşysyna güýçli öwüsýän şemal ýaly bolup, onuň ädimlerini haýalladýardy. Ahyry Arslan ejesi bilen okuw binasynyň öňündäki oturgyçlaryň birinde oturyp, ady tutulýança pişeklerini bir çetde ýygnap garaşdy. Sähel wagtdanam ol birinji giriş synagyna girdi. Sowalnamanyň soraglarynynyň hemmesini taýýarlykly gelen Arslan bilmegi başardy. Daşarda oturyp garaşmaga-da takady ýetmän, dik durup gapa seredip garaşyp duran ejesine şatlykly habaryny buşlamaga howlukdy. Pişeklere daýanyp ýöreýän agyr göwresi gelen ýagdaýyndakydan ýeňil ýöreýärdi. Arslanyň bilimine, beren jogaplaryna mugallymlaryň göwni ýetdi. Ikinji, soňky üçünji synaglaram gowy bahalar bilen jemlendi. Her synagdan ýylgyryp çykanda weli, Arslanyň elindäki iki sany pişek goşa ganat kimin görünýärdi. Olar Arslany ýöretmän, ony ganat baglap guş kimin uçurýan ýalydy. Şeýdip, Arslan uniwersitetiň talyby boldy. Synaglara pişekli gelen oglan çynyň bilen yhlas etseň, arzuwlaryňa gowuşyp boljakdygyny hemmelere subut etdi.

Talyplyk ýyllary yzly-yzyna geçip gitdi. Arslanyň ady göreldeli talyplaryň hatarynda tutuldy. Hem ylymda, hem sportda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, uniwersitetiň abraýyna öz goşandyny goşdy. Iň soňky jaň dabarasynda bolsa, mejlisler zalynda halypa mugallymlaryň elinden Hormat hatyny almak üçin öňe çykanda bolsa, deň-duşlary onuň synaglara gelen günlerini ýatlap, hasam batly el çarpdylar.

Arslan talyplyk ýyllary bilen hoşlaşyp, goşlaryny jemläp, otly menziline bardy. Mähriban obasyna, ene-ata ojagyna ugrady. Ýol boýy ol şol Aşgabada gelen günlerini, ejesiniň mähir doly gözlerini, sözlerini ýatlap bardy. Otlynyň çaltrak öýlerine eltmesine howlukdy.

Bäş ýyllap ylym-bilim alyp mugallym bolup gelen ogluny ene-ata gujak açyp garşylady. Enäniň gujagyna bolsa Arslan elinde göterip duran goşa gawunlary bilen doldy.

142 |
|