Nägehan yşk / hekaýa
13 minut alar
Muny oňa, meýlis başlansoň dosty aýtdy.
Şol bada-da, çagalykda “salýut” edişleri göz öňüne gelip gitdi.
...Gün ýaşansoň, assyrynlyk bilen öýden otluçöp gabyny çilerdiler. Soňam, ululaň gözýeterinden çekilip, tomaşa gurnardylar.
Otluçöpüň birini çyzaga-da, ol tutaşan badyna gutujygyň içine dykyp, güýjüň ýetdiginden ýokarylygyna oklap goýberersiň. Karton gap, al-asmanda bir “pažž” eder-de, ýalpyldap gider...
Bolany.
Bezzatlar üçin bar keýpem, şol ýeke pursatlyk “pažž”-da...
*****
...Dosty, şum habaryny, yllabir dünýäsygmaz syr aýdýan mysaly, gulagyna çawuş çakanda, oňam göwnüne bolmasa, gursagynda ýüregi, edil şo, ot düşen otlyçöp gutusy deýin, bir demde “pažžyldap”, ýanyp-sönene döndi.
Ynanmazlyk, doly aň ýetirip bilmän gaýtadan hetjikläp soramak hakynd-a gürrüňem ýok.
Näme üçindir, şuň ýaly birzada öňdenem garaşyp ýören dek, ýüzugra ynandy.
Buýtar-suýtarsyz ynananam hiç-le welin, kükreginiň göz açyp-ýumasy salymda gara-köýük bolşuny duýup otursa-da, şol bir parahat-şadyýan keşbini bozman saklanyp bilşine, özem haýran galdy.
-Hä-ä, şeýlemi? Äý bolýa-laý, dos! Alny-bagty açyk bolsun! Başga näme diýjek?! Elbetde nikasy gyssandyr-da...-diýende dagy, edil ýöne, öňki alçak äheňinem üýtgetmedi.
Şondan soň onuň ýüzüne siňňitli seredýän hemdemi, garaşýan tamasy çykmadymy ýa-da öz aýdan habaryny onuň kabul edişi kanagatlandyrdymy, ondan ünsüni sowdy.
Bu-da: “Häzir gelýän, siz arkaýyn oturyberiň” diýip, ýakyndakylara eşitdiribräk hymy-symy etdi-de, öýden çykdy...
*****
...Beýik gerişler, dag obalaryna mahsus çaklaňjadan çugdamja Tutlygalaň daşyny gurşap, çar ýanda garalyşyp görünýär.
Tomus gijesiniň sergin şemaly, jülgä sygman, ýatakdan gaçan bezzat owlak kimin eýläk-beýläk towsaklaýar.
Syýareňk asmanyň dup-dury tümlüginde, ýyldyzlar nebsagyryjy gyrpyldaşýar.
Öýleriniň otuz-kyrk ädim beýlesinden, obaň ortasyny kesip geçýän Sumbaryň pessaýja şyrlap akýan sesi eşidilýär. Derýaň “şyrryldysyna”, baglaň ýapragy bilen diňe özlerine mälim nämedir bir zatlar hakda pyşyrdaşýan şemalyň şygyr-şygyram, çyrlawuklaň çyrryldysam goşulýar.
Onuň döşi bolsa...
Gara-köýük kesewi...
Ölesi gelýä...
Şo bir wagtda-da, oň göwni Arşyň-Kürsüň hiç zady bilen ölçäp bolmajak biperwaýlykdanam dolup dur.
Hamana, ol eýýäm ölen ýaly...
Bedeninde-de gyzgyn gany aýlanyp duranam bolsa, ol jeset halyna gymyldap ýören diri öli mysaly...
Aňynda-da, ýüreginde-de soragam ýok, nägileligem.
Gussa-da ýok, lapykeçligem...
Diňe ýüreginiň ornun-a köýen kesindi.
Pikir-duýgyň deregine-de, birje isleg.
Muň ýaly, möý oljasy deýin löti sorulan boş gabyga dönüp ýörmän, ymykly ölüp dynyp bilse...
*****
Ol buljumrak ýere çekildi.
Doňňara-daş bolup, hiç zady saýgarmaz nazaryny bir nokada dikip, esli durdy.
Birdenem, derýa tarap ýöneldi.
Kenara baryp, çökdi.
Elýeterinde “şyr-şyrlap” derýa akyp ýatyr.
Ýeri...
...indi...
Akanda nä, akmanda nä?!
Özem bärde beýdip diri...
...oturanda nä, oturmanda nä?!...
Ol göýä, gursagyny dolduryp duran buz ýaly sowuk biparhlygy, üfläp daşyna çykaraga-da, ol yzyna sümülmänkä-de, oň ornuny tämiz, çygly, salkyn dag howasyndan doldurjak bolýan dek, yzly-yzyna birnäçe gezek sojap dem aldy. Çalt-çalt uludan dem alandygy zerarly, gözi garaňkyrady. Gözüniň öňünde gaýmalap başlan kindiwanja älemgoşar uçgunjyklar demsalymlyk pelesaň kakdylar-da, soňam sumat boldular.
Geň galaýmaly.
Oň birneme nepesi durlandy.
Täzeden derýa garanda, beýnisine bişeýtel pikir damdy.
“Sumbar akýar.
Kimiň ýazany, näme hakdadyg-a ýadyna düşenok. Ýöne öň kitap bardy öýdýän şoň ýaly...”...
*****
Ymtylmaga maksady, barara öýi, batara köli bolmadyk, düşegi – toprak, ýorgany – asman, öwzary – şemal bolan, haýsy tarapa ugrasa-da çar ýany zowwam awara deý, derýajygyň kenarynda hiç hili niýetsiz-duýgusyz-pikirsiz esli oturandan soň, üşäp ugrady.
Belki şondandyr.
Belki däldir.
Göwnünde täsin isleg döredi.
Çagalygynda bezzat deňdeşleri bilen ogrynça öýlerinden çykyp, kenaryň bukurak ýerinde ot ýakynyşlary ýaly, pessaýja alaw ýakynasy geldi.
Ýylynmak ýa-da garagol çagalykdaky ýaly öýden çilnen ýeralmany köze gömünmek üçinem däl-de...
Ýöne...
Keýpine...
Tüssesiz alawjyg-a öňünde, ysgynsyz şatyrdap, ýanyp dursa...
Olam, kätebir oň oduny ölçeren bolup, ýalnyň geň-enaýy raks oýnaýan dilkawlaryna jadylanyp, olary synlap otursa...
Belkem, şo dilkawlaň ýalkymy, oň gursagynyň ähli yzasyny özüne dartyp alsa, sorup alsa – kükreginde dert galmasa, ýansa alnyndaky ataşyň howrunda...
Dynsa dertden...
Kösenmese...
Beýdip, ölüp bilmän ölüp oturmasa...
*****
Ol känbir ikirjiňlenip durmady.
Özüne mahsus bolmadyk galjaňlyk bilen, çöp-çalam çöplemäge girişdi.
Belki-de, şu pursatky desbi-dähil herekete girişen galjaňlygy bilen, özüniň: “ynha okuwymy gutaraýyn, onsoň...” diýip, şu güne çenli olara gudaçylyga ejesini ibermän, ýöwsel haýal-ýagallyga ýol berip geleniniň öwezini doljak bolýandyr, bu mahal?!...
Kim bilýä...
...Kimdir biri gyrymsylygyň içinde ot ýygypdyr-da, ýarym dessäni taşlap gidipdir.
Belki haltasyna sygan däldir.
“Tutaşdyrlyk bolar-da” diýen pikir bilen, ýüzüniň ugruna onam aldy.
“Äý onsoňam...” diýip ol, çöplän çöplemesini döwüşdirip, ot ýakmak üçin biri-birine söýeşdirip oturşyna, öz öňünde özüni aklaýanpisint nägile oýlandy: “Indi näme bahana tapaňda, näme diýip öz-özüňi köşeşdireňde, peýdasy nä?! Ol-a, hanha...iliňki... senem...ynha...bärde...Biline depilen ykmanda it mysaly, görer gözden çete çekilip, ýalňyz otyrsyň... Daşyňdan-a uwlaňogam, çyňsaňogam... Içiňden welin, sedasyz waňkyra-waňkyra zarynlaýaň... Ýöne...oňam inni jinnek peýdasy ýok... Öň nämişlediň... Öň nirdediň...”...
Birdenkä özüne girre gahary geldi.
Göýä, ähli gazabyny el astyndaky jagramadan çykarmakçy bolýan dek, hyrçyny dişläp, ýetişibildiginden olary şatyrdadyşdyryp, döwüşdirip, otteýilik münderjigiň üstüne oklamaga başlady.
Şatyrt!
Şatyrt!
“Öl ölýän bolsaň! Özüň günäkär! Agzyňa guş gonduryp, şumada çen nämişlediň? Sygyr bakdyňmy?! Düýe sagdyňmy?! It gyrkdyňmy?! Towuk seýislediňmi?!...”...
Şatyrt!
Şatyrt!
“Öl ölýän bolsaň! Nä, sen haçanwir öý-öwzaryň ýadyňa düşäge-de, şäherden yzyňa köwlenip, özüni duluňa geçiräýerkäň diýip, bagry birýan, gözi girýan, garagy ýoluňa örklenip durary ýaly, o nä saňa, Tahyryň Zöhresimi ýa-da Garybyň Şasenemi?!”...
Şatyrt!
Şatyrt!...
*****
Birsellem töweregine üns bermän, şeýdip jagrama uşadansoň, ol ýuwaş-ýuwaş köşeşdi.
Kisesinden çakmagyny çykaryp, ot ýakdy.
Alaw tutaşansoň, oň ýalmawuz demine käte bir çöpjagaz oklan bolup, şol synlady oturdy.
Arasynda eline ilende, ýaňky tapan ýarym desse gury otundanam gysymlap oda atdy. Şonda-da otdan göterilýän süýjümtik tüsse, birbada oň bogazyny gijedip, çalaja üsgürtse-de, soň öwrenişdimi nämemi, oňa üns bermesini goýdy. Gaýta, göwnüne bolmasa, şo tüssäni her gezek biygtyýar demine soranda, birhili, süňňüne düşnüksiz ýeňillik aralaşýan ýaly boldy durdy...
Oturdygysaýam kalby aram tapdy.
Hakykatdanam, kükregindäki yzany, ahmyry pessaý alawyň ýalkymy özüne dartyp, howurly göwsünde eretdimi ýa-da oň özi duýdansyz ýitgä gaty bahym boýnalyk bolup, rahatlandymy nämemi...
...Şeýdibem, kän oturdymy, az oturdymy – bellisi ýok.
Alawyňmy...
Alawdan göterilýän bildirer-bildirmez çalasudur, süýjümtik tüssäňmi...
Dag gerişleriniň arasynda hökmürowanlyk satýan syrly-gussaly-eşretli gijäňmi...
Ýa-da öz kalbynda gaty tiz yzasy soluşan hesretiňmi...
Jadysyna maýyl bolup, öňündäki oda-ha örklenip, bäş-on ädim beýle ýanynda akýan Sumbaryňam mukamsyzam bolsa, birsydyrgyn endigan “tyrňylda” çalymdaş “şyr-şyryna” gulak gerip oturyşyna, ol, wagt duýgusynam ýitirdi.
On minut otyrmy?
Ýa-da bir sagat?
Belli däl...
Muny bilmäň wajyplygam ýok.
Tapawudy nä?!
Sebäbi, esasy zat, ol şumat şeýlebir rahat...
...duýýa özüni...
Gam-gussa-da ýok ýürekde...
Tapylman ýitirilen ezizligiň yzasam...
Gowşulman giderilen jübütligiň jebirli jydaçylygam...
Hiç zat...
Diňe asudalyk.
Diňe ot.
Diňe tüsse.
Diňe derýaň “şyrryldysy”.
Diňe dup-dury gije.
Dym-dyrslyga beslenen gerişler.
Çyrlaklaňam “çyrryldysy”...
*****
Birdenem, dünýäni dolduryp duran ahramy gijäň sazlaşygyny ýuwaşja çybşyldy bozdy.
Ol kellesini göterende, bir tarapdan-a öz görýän zadyna ynanmady.
Ikinji tarapdan, güpbe ynandy.
Üçünjidenem özüniň öz görýän zadyna geň galman ýa-da ondan gorkman, ony şeýlekin biperwaý sowukganlylyk bilen kabul edýändigine biçak geňirgenýändigini duýdy.
Onýança, gabat-garşysyndaky agajyň aňyrsyndan çykyp, derýa tarapdan özüne dähedem-dessemläp gaýdan gyzyň sudury oňa ýakynlady.
Egninde ülpüldäp duran ak köýnegi – şeýlebir ýukajyk ýüpekden bolara çemeli. Sebäbi assaja şemala galganda, oň astynda ak tenden özge zat ýokdugy mese-mälim bildirýär.
Gijäň garaňkylygynda bolsa-da, ýyldyzlaň nurunamy ýa-da özlerinden syzylyp çykýan gözsaýgarmaz şöhlämi, lowurdap duran şar-gara saçlary, şarlawuk deý egninden aşak dökülip, tolkun atyp, söbüginde owsunýar.
Inçemikden nepis keşbi – şeýlebir näzikden ak hem owadan welin, ondaky juw-ak näziklik bir tarapdan-a diri adamyňka däl-de, gymmatbaha mermerden ýonulan heýkeliňkä çalym edýär. Ikinji tarapdanam gözüňi gapyp gelýär.
Her ädende-de uzyn köýneginiň eteginiň astyndan ýalaňaç aýajyklary jyklap, jyklap gidýär...
Özüne golaý gelen näzenine aňk bolup galan ol, oň ýüzüni näme üçindir özüne mahsus bolmadyk nebsewürlik bilen, has ünsli synlamak isledi.
Şo pille-de nazar nazara sepleşdi.
Garçgaý bakyş oň gursagyndan parran geçdi.
Ol edil, ýeke demde, ýeke pursatda, şu öňündäki, pisse dodaklaryna pynhandan matally gülümsireme çaýyp duran nätanyş jenany, aňyna-maňyna garaman bagryna basasy gelip, ölüp barýana dönäýdi.
-Sen...kim?!...Bü obal-a dä öýdýän...-diýip ol, gozganmaga haly bolman, saň-gaty bolup oturyşyna, äňine ýelmeşen diline zordan erk etdi.
-Hi-hi-hi...-edip, näzenin jykyrdanda, oň gülküsi ýigdiň gulagyna gülgüne owaz bilen jyňňyrdaýan jaňjagazyň sesi kimin ýakymly eşidildi:-bildiň, aý oglan! Men bü obaly dä. Ýöne, gaty daşda-da ýaşamok.
-Ýakynda ýaşaýan bolsaň...öň seni göremokdym-la...-diýip ýigit, ýene-de geplemegiň hatyrasyna geplemek üçin çygyndy.
-Göreňde nätjekdiň, hä...hi-hi-hi...-diýip, näzenin ýene-de ýeser näz bilen kikirdedi.
-O zat...-diýip, hasam aljyran ýigit, näme diýjegini bilmän oňaýsyz dymdy.
Oňa çenli mürehetsiz-beýlekisiz oduň başynda oturan näzenin, oň özüni ýitirendigini äşgär görüp dursa-da, oňa kömege gelmedi. Gaýta, garagol gözlerini ýyldyradyp, oňa garşy gabak astyndan peýkam-nazarlary ýagdyra-ýagdyra, ony hasam aljyratmaga çalyşýana meňzedi.
Bäş-alty sekunt dymşansoňlar, ýene-de näzenin dillendi:
-Näme zat, hä?!
Ýigit gus-gury dodaklaryny dili bilen ýalady. Kellesine gelen ilkinji zady çekine-sakyna sakawlady:
-Bagyşla...sen...gijäň içinde, ýekeje özüň...bärik näme üçin geldiň? Gorkaňokmy?... Aýagyňam ýalaňaç...
Näzenin ýene-de birenaýy jykyrdady:
-Ýo gorkamok! Goý gaýta, menden gorksunlar. Bärik bolsa...-diýdi-de, ol birdenkä agraslanyp, sähel salym köpmanyly dymdy. Soňam üstüni ýetirdi:-...meni seň hasratyň çagyrdy...
Ýigit düşünmedi.
“O nähili” diýjek bolanam şoldy welin, onýança näzenin bir gobsunanda oturan ýerinden gaýyp boldy. Dessine-de onuň bilen dyzba-dyz oturan şekilde emele geldi.
-Çüş-ş...,-diýip ol, sülük deýin inçeden nepis barmajygy bilen, aňk-taňk bolan ýigdiň agzynyň üstünden basdy:-...hiç zat gepleme...sorama-da...gerekgä...bärik meni seň hesretiň getirdi...bolany...ikimize şü besdir...
Şu mähirli pyşyrdysy bilen birwagtda diýen ýalam, näzenin, serimsal halda gymyldap bilmän oturan ýigdiň boýnundan dolap aldy. Pökgüje, gyzgyn dodaklar öz dodagynyň üstünden tagma basylan dek basylanda bolsa, ýigdiň huşy başyndan uçdy.
Damarynda ganyny at çapdyrýan hyjuwyna bäs gelip bilmän, alnyndaky gyzgyn bedeni garsa gujaklandan soň, onuň tenem, ruham aýady dünýäden gürüm-jürüm bolup, başga bir gaýyby jahandaky lezzet deňzinde gulaçlap ýüzüp ýörene çalym etdi. Durky-düýrmegi bilen holtumyna dolap alan heýjany hyjuwdan ýaňa ol, näzenini gujaklanda burnuna hapylap uran, derýa düýbündäki gyrmançaňmy, suw otunyňmy, ýap-ýaşyl suw kerebiniňmi ýiti ysynam aňşyrmady...
*****
Kenardaky gyrymsylygyň içinde ir bilen oýanandamy, özüne gelendemi, ol agzynyň içine öt atylan ýaly ajydygyny duýdy. Bokurdagynda nem ýok. Dilem çişip, agzyna sygmaýar. Özem birwagtyň özünde iki owurdyna-da ýelmeşen ýaly. Kellesem gum dykylan dek, hüňläp dur. Gözüne-de gysymlap, gysymlap çäge guýlan mysaly...
Ýüregi bulanýa...
Ol edil soka salyp döwlen dek mejalsyz göwresine zor salyp, dikelende, ögedi. Tas gaýtarýardy. Zordan saklandy.
Gözüniň öňünde gaýmalaklaýan set hazar sany ýylpyldawuk, älemgoşar uçgunjyklary göýä eli bilen kowmakçy bolýan ýaly, çepini ýere diräp oturyşyna, sag elini kelemenletdi...
“Bäh, öten agşam nämmoll-aý?!” diýen ýöntemje pikir kellesinde öz-özünden dörände, oň sersip duran beýnisi, şojagaz gymyldy-oýlanmajyga-da tas partlaýardy.
Ol huşundan gitmezlik üçin, gözüni pugta ýumup, birsellem gymyldaman oturdy. Birhaýukdan soň iç-goşam, kelleçanagam düzelişdi hasaplap, assa-ýuwaşdan gabagyny göterdi-de, töweregine göz aýlady.
Guma bulaşyp, çyp-ýalaňaç otyr.
Eşiklerem çar ýanynda çaşyp ýatyr.
Öten agşamky ýakan ody birmahal küle dönüpdir.
Özem, endamy, edil läbige boýyn çümüp çykyp, derýaň iň gyrmançaly, ýüzi ýaşyl, porsy gurbakga pohy bilen kerepläp duran ýerinde, doňuz agnan ýaly, uzakly gije heziller edip suwa düşene meňzeýär. Kesmek-kesmek gyrmançamy, ýaşyl suw kerebimi...
Ýata suwuň ýürekbulanjy ysam diňe hapa bedeninden däl, eýsem kelleçanagynyň içinden gelýän ýaly, her dem alanda beýnisini çaýkaýar...
Dogrudanam, öten gije oňa näme bold-aý?!
Şo derejede aňkasy aşyp, şu hala düşer ýaly, ol öten agşamky oturylyşykda-da arak-çakyram-a içmändi...
Ýa, agşamky şum habary aňyna sygdyryp bilmän, şu ýere gelip ot ýakynandan soň, beýnisi öçäýdimikä?
O gijeki ak ýüpek köýnekli näzeninem bihuşlygyň goparan hokgasymyka?
Onda bi üsti-başynyň pohudyr-ysy näme?!
Ol beýnisinde öz-özünden döreýän sowallaň birine-de açyk-aýdyň jogap tapyp bilmän, ýüzüni eňşidip oturşyna, birdenkä özüniň: “agşamky şum habar” diýen pikiri edende, kükreginiň gijeki ýaly sanjydan dolmaýandygyny aňşyrdy.
Beh, dogrudanam-aý...
Çalaja syzlaýa, ýöne düýnki ýaly demiňi gysaja salyp barýan dä...
Öwrenişdimi ýa boýun alyp, takdyra ten berdimi nämemi...
Bu pikiri kellesinde aýlan dessine-de, ýene-de aňy öten gijeki hyýalynamy, düýşünemi dolandy.
“Ýöne, dogrudanam, maňa geçen agşam näme bolduka-raý?! Ýa şo derejede gynanyp, aklym çaşaga-da gözüme her hili zatlar görnüp başlaberdimikä?! Hamana “beýni oýunlary” diýen ýaly bir zat... Hamana beýni özüne düşýän basyşy göterip bilmän, özüne sütem berýän maglumatdan ünsi sowmak üçin, hyýaly bir şekili, hyýaly bir başdan geçirmäni döredip berenmişdik-dä...Hymh...”.
Ol öz çaklamasyna dodagyny çöwrüp, ajy ýylgyrdy.
“Howwa-da, seň beýniň şonnan başga işi ýokdur-ow! Öz bolup ýörşüňe many çaýmaga ýamanam bir gowy düşünniriş tapdyň-aý, zaňňar sen-ä! Howwa-da, beýniňkem bolýa, hamana: “Me, druk! O taýda o žaniçgäni ýitirdim diýip ah çekersen bolsaň, bu taýda ine saňawir, hemme zada tapba-taýynjak, seni gören badyna gujagyňa özüni oklaýan perizat, mennen saňa sowgat-salamlar olsun...” diýen ýaly”.
Birdenem ol, näme agtarýandygyna özem düşünmän, henizem töweregine garanjaklap oturyşyna, düýnki çöplän çöp-çalamyndan galan-gaçanynyň ýanynda ýatan birküç gysym gury otda nazary büdredi.
Dessine-de tanady.
“Çakjagunduz!”.
Oty tanan badyna-da, geljekki biologyň aňynda ýene-de ýyldyrym çakana döndi.
-Hä-ä...,-diýip ol, içki “ewrikasyny” nädip daşyna çykaranynam duýmady:-çyglyja howada özem bilmän tebigy gallýusinogen maňgyrsagyň tüssesinden doýup, ýok dünýälerde ýok hüýr-periler bilen dalaşyp, soňam gijäň içinne derýaň palçygyna çümüp-oýnap ýören aňkaw diýerler saňa-a-a!!!
Ol süýkdürip pyşyrdady-da, hyk-çoklap ýerinden turdy.
Hernä, öten agşam il-günüň gözi ýetmejek şu gyrymsylygyna çekilip, ot ýakmaga oturanyna içinden müň-de bir şükür etdi. Ýogsa, daň bilen şu sypatyna kimdir biri üstünden geläýen dagy bolaýsa...
Küren oba it masgarasy bolardy.
-Häk seňemmir, diýmäýin diýsemiň hýoskýamusy (çakjagunduzyň latynça ady)!-diýip ol, geýinmezden öňürti suwa düşünmek üçin, derýa tarap südenekläp barşyna, gury maňyrsagyň seçelenip ýatan baldagyny ýalaňaç aýagy bilen pyzyp goýberdi:-...tas ile wejera edýädiň, haram ölmüş “doňuznoýba” diýsäni...
*****
Dag derýasynyň dişiňi döwüp gelýän buz ýaly suwuna ýuwnup-ardynyp gelip, eşigini geýýänçä, oň nepesi hasam düzelişdi. Ol ynjaldy. Diňe geýnip, öýüne garşy mytdyldap ugranda, oň göwnüne bolmasa, ýeňsesinden – derýa tarapdan – öten agşamky enaýyja jaňjagaz jyňňyrdaýana çalymdaş gülki sesi eşidilip giden ýaly boldy.
Ol sakga durdy-da, ilk-ä derýa tarap siňe-siňe seretdi. O taýda hiç zat görmänem, bir demde daş-töweregini gözleri bilen gyzyl-dörjük etdi.
Yns-jyns ýok.
Göwnüne öýdýän.
“Görýän welin, maňyrsagyň täsiri, arganyzmyňdan entegem doly sypyrylyp gidibermändir öýdýän...” diýip ol, misli öz pikirine özüni ynandyrjak bolýan dek, gereginden artyk ynamly oýlandy-da, öýlerine gaýtdy.
Ýöräp gelýärkä-de, hernäçe pikir etmejegem bolsa, şo göz öňünde kebelekledi bardy...
Öten agşamky näzeniniň mermerden ak, ýakyp barýan gyzgyn, tyrsyldap duran kamaty...
Öpüşende köz basylandan enaýy täsir etmeýän, pisse dodagy...
Garaçygyna seredeňde özüne dartyp, jümmüşinde gark edip barýan garçgaý bakyşy...
Ikisiniň, ilk-ä ýarym gumaşak, çagylsöw ýerde, soňam derýajygyň saý ýerinde, arly gije çolaşyp-çyrmaşyp, biri-birinden aýrylyp bilmän, ganyp bilmän dolaşyp-dalaşyşlary...
Göýä, awunyň daşyna oranan mar deýin şar-gara saçlarynyň tor bolup, ikisiniň daşyna dolanyşy...
*****
Şo gün agşama çenli oň ýagdaýy hasam gowulaşdy. Kellesi mazaly durlanansoň, ol özüniň öten agşam çakjagunduzyň tüssesine zäherlenendigine doly göz ýetirdi. Şoň üçinem agşam öz düşeginde ýatanda, gaty arkaýyn uka gitdi.
Üstesine, “her bir erbetligiňem gowulygy bardyr” diýlişi ýaly, öten gijeki zäherlenmesem oň göwnündäki ýitgiň yzasyny gaýym küteltdi.
Ýöne, gije welin...
Anyk sagadyn-a bilmeýär, süýji ukuda ýatyrka, birdenkä burnuna hapylap, derýa düýbündäki gyrmançaňmy, suw otunyňmy, ýap-ýaşyl suw kerebiniňmi porsy ysy urdy.
Bada-badam gulagyna öten agşamky jyňňyrdyly gülki sesi geldi.
Ol allaniçigsi bolup oýanyp, düşeginde dik oturdy-da, derýa tarap bakýan açyk penjirä howatyrly garanjaklady.
Ýa-da oýanyp, dik oturyp, garanjaklaýandyryn öýtdi...
Onýança, şo gülki sesi ýene-de eşidildi.
Ýa-da oň gulagyna eşidilen ýaly boldy...
-Hi-hi-hi... Aý oglan, garagol oglan, meň üçin doglan, meň üçin doglan... Işiň bitdi, antyň ýitdi, nirä gaçdyň gitdiň?!... Aý oglan, garagol oglan! Garagol oglan! Meň üçin doglan! Meň üçin doglan...
Özüne hiç hili howp abanmasa-da ol bu aýdymjygy, gülki sesini eşidip, bir demde süňňüni dolduran düşnüksiz, manysyz wehimden ýaňa galpyldap başlady.
Ýagyrnysy buz ýaly sowuk dere dem salymda myžžyk boldy.
Ol birhili, gitdigiçe batlanýan bu aýdymjygam, düýn süňňüni lerzana getiriji eşretden dolduran jyňňyrdyjyk-gülki sesinem eşitmejek bolup, elleri bilen gulaklaryny ýapdy.
Emma, beýdeni bilen aýdymjygam, gülkem sumat bolmady.
Gaýta, edil kelleçanagynyň içinde aýdylýan dek, aýdymyň sözleri, heňi hut beýnisinde gaýtalanyp ugrady. Özem her gezek gaýtalandygysaýam olaň aýdylyş-eşidiliş hörpünden mähir-muhabbet, isleg-küýseg ýitip, birhili üýşendiriji, hemle urujy äheň çaýyldy...
...Birdenem...
Çybyn-çirkeý girmezlik üçin niýetlenen gözlük daşyna serpildi-de, açyk penjireden düýnki näzeniniň mermerkeşbi göründi.
Ýöne bu gün ol, düýnkisi ýaly ýeser bezzatlykdyr, mylaýym mähribanlyk bilen şugla saçmaýardy. Tersine, yzgytsyz eňşeýäne çalymdaş, çuňňur kine bilen kölegelenip durdy.
-Garaşdym, garaşdym...gelmediň-ä...-diýip, penjiräň erňeginden bakýan garasaç kelle, öýkeli hüňürdedi:-...ýa senem ýaňky aýdymdaky ýaly: “işim bitdi, antym ýitdi, aý oglan, garagol oglanmy”, hä?!
Düşeginde dik oturan ýa-da özüni oturandyryn öýdýän ýigdiň heýýaty göçdi.
-Waý ej-ä-ä!!!-diýip zyňlyp galdy-da, henizem özüniň oýadagyna-dälligine düşünmän, gözüni elek-çelek edip, saňňyldady durdy.
Onýança otaga kürsäp giren ejesi, çyrany ýakdy.
-Oglum, näme basyrganaýdyňmy?!-diýip görgüli, derrew oň daşynda hozanak bolmaga başlady. Suw içirdi. Başardygyndan höre-köşe etdi. Ol bolsa, penjiräň ýapyk gözenekli gözlügine gözüniň gyýtagyny aýlap, äňi-äňine degmän galpyldap oturyşyna, öwran-öwran ysyrganyp gördi. Her gezek ysyrgananda-da, burnuna hapylap urýan ýata suwuň aňryňy bäriňe getirýän ysyna ýüzüni ejirli çytdy.
Ejesinden sorady:
-Eje, öýde porsy ys bam-aý?!
Ejesi:
-Ýok oglum, men-ä porsy ys alamok. Diňe aýnaň açyk bolansoň ondan hemişeki ýaly derýaň ysy gelýä-dä,-diýende-de, oň ýüzüne bükgüldili garanjaklap, nämedir bir zat aýtmakçy bolýan dek, şo dodagyny müňküldetdi oturdy.
Ýöne, näme üçindir hiç zat aýtmady.
Diňe, ertesi gün, heniz tomusky dynç alşynyň ýaňy gyrasy gädilenem bolsa, “okuwda indiki ýyl üçin nutuk ýazmaly” bahanasy bilen, goşlaryny ýygnady-da, nirdesiň şäher sary, ýola rowana boldy.
Garyndaşlarynyň ulagynda derýaň üstündäki köprüden geçip barýarka-da, penjireden biygtyýar suwa seredende, oň jümmüşinden özüne dykgat bilen garaýan, ýigrençden püre-pür, mährewsiz garçgaý bakyşy saýgaran ýaly boldy. Oslagsyzlykdan ýaňa oň ini tikenekläp gitdi. Şo pille-de gulagyna ýakymsyz hikirdi eşidildi:
-Hi-hi-hi...
Hikirdiň yz ýany bilenem aňyny sersdirip gelýän çirkinden şaňňy ses, beýnisiniňem merkezinde ýaňlandy:
-Gel-u-u-w, uw, u-u-w, u-u-w!!! Gitm-u-u-w, uw, u-u-w!!! Işiň bitd-u-u-w!!! Antyň ýitd-u-u-w, uw, u-u-w!!!
Bu şerraý gykylyk aňyndamy, göwnündemi ýaňlanan badyna-da, endamyny gaplan elheder almakdan ýaňa, ol hynçgyrmaga başlady.
Şo hynçgylawugam tä uly ýoluň gyrasyndaky şähere ýetýänçäler, ondanam kireý edýän ulaglaň birine atlanyp, paýtagta gaýdýança galmady.
Suw içse-de, demini içinde saklap görse-de, şol hynçgyrdy bardy.
Gulagynda-da ses...
-Gel-u-u-w, uw, u-u-w, u-u-w!!! Gitm-u-u-w, uw, u-u-w!!! Işiň bitd-u-u-w!!! Antyň ýitd-u-u-w, uw, u-u-w!!!...
Serdar Ataýew