Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kaka, telekeçi, marketolog

Marketing “baha döwmekmi”?

2 minut alar

Iň sada dilde aýtsak, marketing, sarp edijileriň zerurlyklaryny kanagatlandyryp, girdeji gazanmakdyr. Käte mundan hem sada görnüşe getirilip, marketinge “baha döwmek” ýa-da aksiýa we arzanladyş etmek diýlip düşünilýär. Emma marketing munuň bilen hiç-hili çäklenmeýär.


Has giňişleýin manyda marketing – bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekden we olary ýerlemek boýunça ulgamy döretmekden we dolandyrmakdan ybarat bolup durýar. Munuň içine iş ugruny we bäsdeşlerini seljermek, sarp edijiniň islegini çaklamak, alyjylar bilen aragatnaşygy ussatlyk bilen gurnamak hem girýär.

Biznesiň öňünde durýan maksadyna ýetmek üçin marketologlar aşakdaky meseleleri çözýärler:
- Müşderiniň zerurlyklarynyň derňewi. Ýagny, önüme isleg barmy? Önümleri satuwa goýbermezden ozal potensial alyjylaryň haýsy talaplaryny göz öňünde tutmaly?
- Bazardaky bäsdeşleriň tekliplerini, şeýle hem baha emele getirilişini öwrenmek.
- Sarp edijiniň islegine görä harytlaryň we hyzmatlaryň assortimentini sazlamak. Eýýäm talap bar bolan haryt ýa-da hyzmat öndürilende, ony bazara salmak kyn däl, emma bäsdeş köp bolýar. Täze önümi mahabatlandyrmak we oňa isleg döretmek bolsa uly býutjeti talap edýär, ýöne bäsdeşler emele gelýänçä bazaryň uly bölegini eýelemek mümkinçiligi bolýar.
- Önümlere bolan islegi we olaryň satuwyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmek. Muňa dürli görnüşli mahabat işleri girýär.
- Kärhananyň imidjini we reputasiýasyny döretmek we ýokarlandyrmak.
- Müşderini goldaw hyzmaty. Hakyky marketing - bu bir gezeklik satyş däl, eýsem, alyjylary dowamly müşderilere öwürmegiň tehnologiýasy. Bärde hemme zat möhümdir: önümiň we müşderä edilýän hyzmatyň hili, müşderiler bilen mylkatly gürleşik we goldaw.

Köplenç marketing diýilende diňe reklama göz öňüne getirilýär we önümçilik inženerler tarapyndan ýerine ýetirilmeli diýlen düşünje bar. Bu nukdaýnazar bilen hereket edilende önüm alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrman bilýär.

Marketing önümçiligiň gutaran ýerinde däl-de, eýsem önüm öndürilmezden öň başlaýar!

https://www.linkedin.com/posts/mekan-jumamyradow-881b829b_marketing-baha-d%C3%B6wmekmi-i%C5%88-sada-dilde-activity-7127901242432917504-_lqj?utm_source=share&utm_medium=member_desktop

78 |
|