
Programma Inženeri
Ideýanyň gymmaty
2 minut alar
Arada biri, bir programmanyň üstünde işleýänligini we şony durmuşa geçirmek üçin inwestor gözleýänligini ýazypdyr. Menem gyzyklandym, göreýin belki çyndanam orginal pikiri bardyr we durmuşa geçirjek energiýasy, höwesi hem bardyr diýip ýazyp gördüm.
Birnäçe sorag-jogapdan soňra maňa näçe pul gerekdigini aýtdy, çözjek bolýan problemalaryny aýtdy. Ýöne nädip çözjek bolýany barada hiç zat aýtmady. Bulary nädip çözjek bolýanyny soradym. Maňa bu planlaryň, ideýalaryň gizlinligi üçin ýüzbe-ýüz görüşýänçäk aýdyp bilmejegini aýtdy. Muny soramagymdan öň eýýäm başga sebäplerden ol bilen işleşmejegime karar beripdim ýöne ideýany näme üçin paýlaşmadygyna düşünmändim. Gizlinlik üçin eken.
Bu ýagdaý köpimizde-de bolýandyr, kä wagt kellämize bir pikir gelýär, kellämizde dünýäni ýa daş-töweregimizi ýa iň bolmanda özümizi nähili üýtgedip biljek zatdygy barada her hili ssenariýalar düzýäris. Ýöne dogrusy biziň kellämize gelen zatlaryň köpüsi öňem köp adamyň kellesine gelendir. Biziň bulardan öwrenip biljek zadymyz "Ýöne näme üçin başarmadylar?" diýip sorap jogabyny tapjak bolmakdamyka diýýän. Dünýäde ideýadan köp zat ýok. Ideýalar näçe gerekli we ylham beriji bolsa-da bir proýektiň asyl bahasy ony eliňde bar bolan resurslar bilen üstünlikli durmuşa geçirip bilmekdedir.
Eger biri ideýany sizden öwrenip (ýa ogurlap?) siziňkiden has üstünlikli derejä ýetirip bilen bolsa, onda "Berekella" diýmegi başarmaly. Sebäbi durmuşda diňe başarylan iş hasap bolýar, ideýalar däl.
Bir ideýaňyz bar bolsa, özüňizem üstünde aktiw şekilde işläp konkurentler bilen ýaryşda bolmasaňyz, ideýaňyzy arkaýyn paýlaşmakdan gorkmaň. Sebäbi uly ähtimallyk bilen muny pikir eden birinji adam siz dälsiňiz.