Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Filosof

23 Aprel 2023

Garyplara maslahat.

2 minut alar

Häzirki döwürde böwregiňizi çalyşdyrmaga girdejiňiz ýetmeýän bolsa onda siz garypsyňyz. Böwregiňizi çalyşdyrmaga girdejiňiz ýetmeýän bolsa onda içki organlaryňyzy we saglygyňyzy ýuwaş-ýuwaşdan dagadýan zatlardan gaça duruň. Çilim, arak, pepsi, çipsy, trikoroçki, kola, krem-soda, ketçup, maýonez ýaly zatlary iýip-içip-çekip lezzet alyp organizmiňizi dagadar ýaly siziň mümkinçiligiňiz ýok. Erteki gün ýa böwrek otkaz eder ýa-da bejergisi örän gymmat bolan her hili keseller döräp biler . Adam adama zar bolmazlygy üçin garyplar saglygyny gowja saklap bilýärler ýokarda sananlarymyzdan el çekseler. Saharnyý diýabet ýa eýleki beýleki keseller soňky döwürde çykan zatlar. Sebäbi pepsi çipsy krem soda analgin baralgin ýene bir zat köp tükedilip başlandy. Pepsi çipsy çilim ýaly zatlar gündelik kiçi lezzetler bolup durýar. Garybskiý şertlerde dünýä inýän adamlar şol bir meňzeş durmuşy başdan geçirip bu dünýeden ýaşap geçip gitmejek bolsalar onda olar minimum zyýan maksimum peýda ymtylmalydyrlar. Baýlaryňky ýaly taýýar böwrek ýa ýürek ýok çalyşdyrmaga. Ýakynlaryňyza minimum ýük boljak bolsaňyz onda pepsi, çipsy, çilim, arak dan gaça duruň. Şu dünýäni synag diýip hasap edýän bolsaňyz, sogap gazanaýyn diýseňiz onda birinji bilen isripden gaça duruň. Organizmiňizi dagatmak hem isrip bolup durýar. Organizmiňiz gowşasa pikiriňiz hem gowşar ruhuňyz hem dowamynda giden minus zatlar döräp başlar. Işjeňligiňiz öndürijiligiňiz pese düşer. Özüňize gowja serediň kapitalist sistema başga bir zada öwrülip barýar adamlara haryda öwrülip barýar. Çilimiň özi eýýäm girdejiňiziň esli bölegini goparyp alýar.

74 |
|