Garyplara maslahat 2.
2 minut alar
Eger siziñ diñe öz girdejiñiz durmuşyñyzy dolamaga ýetmeýän bolsa, goşmaça ene-atañyzdan pul alýan bolsañyz onda siz garypsyñyz. Hudaýyñ ýanynda adamy ýa bolmasa başga bir zady Tañrylaşdyrmak iñ agyr günäleriñ biri diýip bellenýär. Şeýlelikde Hudaýyñ beren mümkinçiliklerini maksimum ulanyp minimum isrip edilen ýagdaýynda adama günümiz galjak däl.
Inşirah 7: "bir işden boşan badyña täze iş edip ýada"
Voltaire: "eliñizden geleniñ iñ gowsyny etseñiz atalaryñyz gerek hem bolmaz"
Mümkinçilikleriñizi iñ soñkydan sykyp ulansañyz "pylany bolmasa men näme ederin?" hem diýmersiñiz. Öz aýaklaryñyzyñ üstünde arkaýyn dik durarsyñyz. Häzirki döwürde gerekmejek zatlara kän pul harçlanýar. Gerekmejek zatlary hem hökman bolmaly, edilmeli zatlar diýip köpeldip gidip barýarlar. Gün günden herhili gerekmejek edilmeli zatlar köpelip gidip barýar. Toýlarda ýaslarda harçlanýan gerekmejek manysyz zatlar köpelip gidip barýar. Ýa bolmasa her aý hökmän täze eşik almaly her ýyl hökmän öýüñ içini täzelemeli we ş.m. Häzirki döwürde önüm öndürýänler eýtjek beýtjek adamlara gerekmejek zatlary gerekli edip görkezip satjak. Sen şolar ýaly gerekmejek zatlary etmän goýber ! Goý iliñ gepine galsak galaly ! iliñ guly, adamyñ guly bolanyñdan gepe galanyñ müñ esse gowudyr.
Deýl Karnegi: "Gaýgy-gam-dan halas bolmagyñ örän täsirli ýoly bir iş bilen meşgullanmakdyr"
Anonim: "erbetligiñ özeni bir iş bilen meşgul bolman boş gezmekdir."
Gerekmejek edim gylymlary taşlamaga çekinip ýören beýleki adamlar hem seni görse ýüreklenjek. Edip görkezmek adamlara has täsirli sapak we görelde berýär.