Jemgyýetçilik işgäri
Çaga aklyňa döneýin...
1 minut alar
Seýrek duş gelýän agyr kesele uçran gyzjagazyň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýärdi. Onuň hut şol hassalygy geçirip, bir täsinlik bilen diri galan bäş ýaşlyja oglan jigisiniň bardygyny bilen lukman ondan uýasyna gan guýmagyň ýeke-täk çykalgadygyny mälim etdi.
Lukman ol oglanjykdan uýasyna gan bermäge razyçylygyny soranda, onuň ýüzi ak tam boldy. Soňra gözlerini mölerdip:
− Men ganymy bersem, uýam ýaşarmy? – diýip sorady.
− Howa, şeýtsek uýaň hökman ýaşar.
Şondan soň oglanjyk aýgytlylyk bilen başyny atdy.
Gan guýmak dowam edýärkä, uýasynyň ýanynda ýatan oglanjyk onuň barha jana gelip, ýaňaklarynyň gülgün öwsüp başlandygyna, biziň ählimiz ýaly, dünýäni unudyp şatlanýardy.
Soňra oglanjyk özüne gelen ýaly gamly keşbe girdi-de, ýüzüni ak tam edip, sandyraýan sesi bilen lukmandan sorady:
− Daýy, men şu wagt ölýänmi... ýa-da soňurrajykmy?
Görnüşi ýaly, lukmanyň teklibine nädogry düşünen çagajyk, özüniň ähli ganyny uýasyna berip, onuň üçin gurban bolmalydyryn öýdüpdir.
Neressejik şoňa razy hem bolupdyr