Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Başgyrdystan Respublikasy: Başgyrt medeniýetiniň we baý mirasynyň yzlary

2 minut alar

Başgyrdystan Respublikasy: Başgyrt medeniýetiniň we baý mirasynyň yzlary

Başgyrdystan Respublikasy Russiýa Federasiýasynyň bir awtonom respublikasydyr. Paýtagty Ufa şäheri. Başgyrtlar gelip çykyşy boýunça türki halk hökmünde tanalýar. Başgyrdystan Respublikasy, olaryň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen baýlaşdyrylan sebitdir. Men şu makalamda Başgyrdystan Respublikasynyň geografiki ýerleşişi, taryhy, medeniýeti we ykdysadyýeti barada gürrüň bererin.

Umumy maglumat:
Meýdany: 143,600 km²
Ilaty: 4.071.181 (05/2016)

Russiýa Federasiýssynyň Başgyrdystan Respublikasy
Başgyrdystan Republikasynyň kartasy

Başgyrdystan Respublikasy Russiýanyň gündogar böleginde ýerleşýär. Başgyrtlaryň köplük bolup ýaşaýan bu sebiti Ural daglarynyň günbatar eteklerinde we Wolga derýasynyň merkezi böleginde ýerleşýär. Başgyrdystan 1437-nji ýylda özbaşdak döwlet hökmünde esaslandyrylsa-da, soňra Russiýa döwletiniň düzümine girýär. 1917-nji ýylda Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Sowet Soýuzynyň düzümine goşulýar. 1990-njy ýyllarda ol Russiýa Federasiýasynyň içinde awtonom respublika diýlip ykrar edilýär.

Başgyrdystan Respublikasynyň döwlet baýdagy
Başgyrdystan Respublikasynyň döwlet gerbi

 

Başgyrdystanyň uzak taryhy bar. Başgyrtlar Orta Aziýanyň göçüp-gonup ýören jemagatlarynyň arasynda bolup, taryhyň dowamynda dürli türki taýpalary bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Olaryň XVI asyrda ruslar bilen duşuşmagy sebitdäki häkimiýetiň tygşytlylygyny üýtgetdi. Başgyrtlar Russiýanyň gol astyna düşdi. Ýöne başgyrtlar özleriniň şahsyýetini we milli medeniýetini saklamagy başardylar.

Başgyrdystan respublikasynyň medeniýeti başgyrt halkynyň baý mirasyny şöhlelendirýär. Başgyrtlar halk sazlarynyň, tanslarynyň we el hünärleriniň däbe öwrülendigi bilen tanalýar. Başgyrt halk sazlary kawal, kobaýz (gopuz) we deprek ýaly saz gurallary bilen ýerine ýetirilýär. Başkir halk tanslary janypkeş we reňkli bolup, köplenç jemgyýetçilik çärelerinde ýerine ýetirilýär. El hünärleriniň arasynda haly dokamak, dokmaçylyk we agaç oýma nagyşlary bellidir. Başgyrt naharlary hem baý we tagamly, kömele çorbasy, rawioli, pelmeni (börek) ýaly tagamlary giňden ýaýrandyr.

Başgyrtlar

Başgyrdystan Respublikasynyň ykdysadyýeti birnäçe pudakdan ybaratdyr. Oba hojalygy sebitiň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Galla önümleri, gök önümler, miweler ösdürip ýetişdirmek, et-süýt önümleri, maldarçylyk ýaly ugurlar abraýly ugurlar bolup durýar. Mundan başga-da, bu sebitde nebit, tebigy gaz we ş.m tebigy baýlyklar bar. Bu serişdeler energetika pudagynyň ösmegine we Başgyrdystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Başgyrdystan senagat, şahta we gurluşyk pudaklarynda hem ösendir.

Başgyrdystan Respublikasy bilim we medeniýet işleri boýunça möhüm ädimleri ätdi. Başgyrt döwlet uniwersiteti (Häzirki wagtda Ufa Awiasiýa we Tehnika uniwersiteti bilen birleşdirilip Ufa ylym we tehnologiýalar uniwersiteti boldy) sebitiň iň uly we möhüm uniwersitetleriniň biri bolup, talyplara giň bilim berýär. Başgyrdystan teatrlar, muzeýler we sungat galereýalary ýaly medeniýet edaralary bilen hem baýdyr. Başgyrt edebi dilini we medeniýetini gorap saklamak we ýaýratmak boýunça dürli taslamalar amala aşyrylýar.

Ufa ylym we tehnologiýalar uniwesiteti (Öňki ady: Başgyrt döwlet uniwersiteti)

Çeşmeler:

Başgyrdystan Respublikasy resmi web-saýty - http://bashkortostan.ru/


Başgyrt döwlet uniwersiteti - http://www.bashedu.ru

 

51 |