Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

ARZUWLARYŇ DÜNÝÄSINDE ÝAŞAÝAN GYZ

2 minut alar

Maladaptive Daydreaming: Symptoms, Causes, and Treatment – ActiveBeat – Your Daily Dose of Health Headlines
Suratyň çeşmesi: www.activebeat.com

 

Maral on ýedi ýaşyna ýeten ýetginjekdi. Elmydama oý-pikir içinde ýaşar, ünsi dowamly başga ýerlerde bolardy. Ejesi muny ir ýaşda aňsa-da, näme üçindir aladasyny etmeýärdi. Belki, öýüň güzerany ony başagaý edip, muňa kän bir wagt tapdyrmaýardy. Başagaýlyk ony iň zerur işlerinden alyp galýardy. Alajyny gözlän bolsa, muňa bir çäre hem tapylardy. Bir zadyň çäresini tapmak üçin hem wagt hem-de zerurlyk gerekdi. Ony bolsa häzirlikçe Maralyň ejesi edip biljek güýç-kuwwatda däldi. Maraljanyň ejesi bäş çagasy bilen ýeke özi haýsy bir zada ýetişmelidi! Işi başyndan agan ejäniň, olara ýetişmegi mümkin däldi. Kakalary pahyr ir döwür dünýäden ötüp, ady näbelli bir kesele duçar bolupdy. Doktorlar näme üçindir onuň keselini aýtman, ýürekden gitdi diýipdiler. Amansoltan gelnejäniň muňa kän bir ynanasy gelmedi, emma elinden gelýän zat ýokdy. Daşary ýurda gidip bejergi almaga hiç hili maddy ýagdaýy ýokdy. Şonuň üçin hem ajal gelse, alajyň ýok diýip, täleýine razy boldy oturyberdi. 

 

Aslynda ol ýürek keselinden däl, belki Maraljanyň näme üçindir iliň çagasy bilen deň derejede oýnap bilmeýşine gynanany sebäpli giden bolmagy mümkindi. Derdini öz içine atyp ahyrym içindäki kesel sebäpli bu dünýeden öten bolmagy gaty ähtimaldy.

 

Adamyň hyýal dünýäsi diýseň giň we ony çäklendirmek mümkin däl. Biribar bize şeýle bir eçilipdir weli, onuň aňyrsyny-bärisini tapmak kyn. Bir işi etmäge fiziki taýdan güýjümiz ýetmese-de hyýaly güýjümiz bilen ony bitirmäni başarýarys. Maral hem eýjejik göwresi bilen edip bilmejek zatlaryny hyýalynda bitirýärdi. Onuň hyýal dünýesinde nämeleriň bolup geçýänini diňe özi bilýärdi. Oňa ne wagt ne-de biriniň kömegi gerekdi, hemme zady özbaşdak edip biljek erke eýedi. 

 

Maraljan hassady. Emma oňa, ejesinden başga düşünýän ýokdy. Bu hassalygyň adyna “Maladaptive Daydreaming” diýýärler. Ýagny, başgaça aýdanymyzda arzuwlaryň bir hatardan çykmagydyr. Arzuwlaryň yzy-soňy dynmaýan bir prosese öwrülip, adamy hakyky durmuşdan uzaklaşdyrmagydyr. Adamlary hakyky durmuşdan uzaklaşdyryp, yzygiderli arzuw dünýäsinde ýaşamaga sebäp bolýan psihiatriki  ýagdaýdyr. 

 

  • ©Serdaryn_Pikirleri
  • 04.06.2024 ýyl.
  •  
  • PS: Arasynda ýazan hekaýajyklarymdan birini oklaýyn. Tankytlaryňyz we bellikleriňiz bilen hekaýany eleme- deşik ediň! Tankydy bellikleriňiz bilen menem öserin :) 
150 |