Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ahmet bin Mahmyt Ýükneki “Atabatyl hakaýyk”(Hakykatyň basgançaklary)

15 minut alar

Hormatly edebiýat muşdaklary!

Size manyly ömrümiň baryny türkmen halkynyň milli mirasyny öwrenmeklige bagyş eden adam türkmen milli mirasyn,y edebiýatyny öwrenmeklige bagyşlan işlerini hödürleýär. Mundan 30-40 ýyl öň hem türkmen edebiýaty XVIII asyrdan başlanýar diýen nädogry ylmy garaýyş bardy. Bu gün türkmen ýazuwly edebiýatynyň has irki döwürlerden başlanýandygy mälim, ilkinji ýazuwly edebiýatyň wekili Ýusup Balasagunly bolup onu[ “Bagtly edýän bilim” (“Gut etgu bilik”) atly eseridir. Bu eser 1069-1070-nji vylda ýazyp tamamlaýar. Hudaý ömür berse bu eseri hem häzirki zaman türkmen diline geçirmekçi. Bu eser uly göwrümli bolan soň onuň müňe golaý sahypasy taýýar. Beýle diýildigi eseriň 6-dan bir böleginiň taýýardygyny aňladýar. Ýusup Has Hajypdan soň ikinji türkmen ýazuwly edebiýatynyň wekili Ahmet Ýüknekidir. Bu kitap az möçberde neşir edilenligi üçin kitaby gözleýänler köp. Şonuň üçin hem bu kitaby elektron usulynda halka ýetirmegi makul bildik. 

Ahmet bin Mahmyt Ýüknekiniň “Atabatyl hakaýyk”(Hakykatyň basgançaklary) atly eseri “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2019-njy ýylda kitap bolup çykdy.

Ahmet Ýükneki

Dünýä halklarynyň iň gadymylarynyň biri bolan oguz türkmenleri dünýäniň medeni we ylmy ösüşine önjeýli goşant goşan halklaryň biridir. Mongoliýanyň günbataryndan Ýewropa çenli aralaşan bu türkmen kowmy taryhda dürli atlar bilen birnäçe döwletleri guran. Taryhda ilkinji türkmen türk döwleti hökmünde Saka-Iskit döwleti mälim. Bu döwleti esaslandyran Alp Är Tunga (parsy çeşmelerde Afrasýap diýlip atlandyrylýar) esaslandyrýar. Alp Är Tunganyň ady otparazlyk dininiň keramatly kitaby hasaplanýan Awestada Firdewsiniň “Şanama” we Ýusup Has Hajybyň “Kut etgu bilig” eserlerinde, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany-lugat-it-türk” atly diwanynda gabat gelip, bu taryhy şahs hakynda dessan hem döredilipdir. Şeýle döwletleriň biri hem Hun şadöwletidir. Hun döwleti dünýäniň dürli ýerlerinde Gündogar Hun döwletini, Günbatar Hun döwletini, Ak Hun döwletini (eftalitler) gurdular. 

Etniki türk ady goşulan, esasy daýançlar dokuz oguz boýlary bolan Göktürk şadöwleti (VII asyryň ikinji ýarymy, VIII asyryň birinji ýarymy) Hytaý, Koreýa serhetlerinden Gara deňize çenli öz hökümini ýöredipdir. 

Göktürkler taryhda ilkinji türk adyny alan kowumdyr. Şol döwüre çenli türk sözi bir kowmuň ýa-da nesliň ady bolupdyr.1

Bumin kagan tarapyndan 552-nji ýylda esaslandyrylan bu döwlet gök asmana çenli ýurtlaryň eýesi manysynda öz döwletlerini Göktürk döwleti diýip atlandyrypdyrlar. Bumin kaganyň ölüminden soň Göktürk döwleti Gündogar Göktürk döwleti we Günbatar Göktürk döwleti diýlip ikä bölünýär. 

Oguz, beýleki türkmen kowumlary tarapynda döredilen bu döwletler yslam dininiň döremeginden ozal gurlan döwletlerdi. Şonuň üçin hem bu döwürlerde ýaşan türki kowumlaryň, şol sanda oguzlaryň öz ynanç-ygtykatlary, aň-düşünjeleri bardy. Bu döwürlerden gelip ýeten ýazuwly edebiýat ýok, ýöne öz elipbiýleri bolupdyr1. Şol döwürde ýaşan türki kowumlaryň ynanç-ygtykatlary, dünýägaraýyşlary baradaky maglumatlar şol halklaryň halk döredijiligi arkaly bölek-püçek görnüşde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Biz bu ýerde dünýäniň döreýişi, ýer ýüzünde ilkinji ýaşaýyşlar, olaryň Taňry hakyndaky garaýyşlary barada maglumat berýän “Dörediliş” rowaýatyny göz öňünde tutýarys. Rowaýata görä, dünýäde janly-jandar, asla hiç bir zadyň ýok mahaly Taňry Gaýra han bilen uç-gyraksyz suw bolan. Taňry Gaýra han ýekelikden içi gysýar. Birden suwda tolkun alamaty görünýär. (Hyýaly – Ak Ene). Ol Taňra “ýarat” diýip, ýene suwa çümýär. Şondan soňra Taňry Gaýra han özüne meňzeş bir adamy, ýagny ilkinji adamy döredip, oňa Kişi diýip at goýýar. 

Taňry Gaýra han bilen Kişi uç-gyraksyz suwuň üstünde uçup ýörler. Kişini bu ýagdaý kanagatlandyrmaýar. Ol özüni ýaradandan hem ýokarda uçup başlaýar. Ýagdaýy duýan Taňry Gaýra han onuň uçmak kuwwatyny alýar. Kişi ötünç soraýar. 

Kişi suwuň düýbünden bir owuç toprak alýar. Şeýlelikde, dünýä döredilýär. Dünýäniň döredilişi hakyndaky bu rowaýat belli derejede yslam dinindäki dünýäniň döredilişi hakyndaky düşünje bilen baglanyşýar. 

Ýazuwly türkmen edebiýatyndan öňki döwürlerde dörän we oguz türkmenleriniň gelip çykyşlary, ýaşaýyş-durmuş, dini ynanç düşünjeleri, watany goramak bilen baglanyşykly milli söweşler hakynda azda-kände maglumat berýän eserlerden parçalar Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwani lugat it – türk” eserinde hem gabat gelýär. Mahmyt Kaşgarly türkmen adynyň gelip çykyşy barada bir hekaýat bar diýip Isgender Zulkarneýniň Samarkantdan geçip, türk ülkelerine ýörüşini beýan edýär. Türkleriň örän güýçli goşuny bar eken. Olaryň ýaş hökümdaryna Şu diýer ekenler. Balasagun şäheri döwletiň paýtagty bolupdyr. Türkleriň hakanyna Isgenderiň gelýänini habar berýärler. 

Şu Hojant derýasynyň kenarynda 40 sany serkerde goýup, Isgender golaý gelse habar bermegi tabşyran. Şu kümüşden howuz ýasadyp, sapara gidende ýany bilen äkidip, howuza ördek, gaz goýberýän eken. Goşun hökümdaryň söweşe taýýarlanmaýanyny bilip, howsala düşýär. Isgender bilen bolan söweşde Şu yza çekilýär. Şondan soňraky wakalar “Oguznama” ýordumyndaky ýaly, ýagny türkmenleriň 24 şaha bölünýändigi nygtalyp, türkmen adynyň gelip çykyşy barada maglumat berilýär. 

Mahmyt Kaşgarly türki kowumyň milli gahrymany derejesine göterilen hökümdary Alp Är Tunganyň ölümine bagyşlanyp ýazylan hesret şygyrlaryndan birnäçe bentleri mysal getirýär. Türki dilli ýazuwly edebiýatyň meşhur eseri bolan “Gut etgü bilik” eserini döreden Ýusup Balasagunly hem Alp Är Tungany taryplaýar. Eýranlylaryň meşhur şahyry Firdöwsi hem “Şanama” eserinde Alp Är Tunganyň söweşleri barada ýazypdyr. Bu maglumatlar biziň eýýämimizden öňki VII asyrda ýaşap geçen türki halklaryň hökümdary, Alp Är Tunga hakynda taryhy eseriň ýazylandygyny çaklamaga esas berýär. 

Özüniň biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk eseri bilen diňe bir türkiologiýa ylmyndan däl, eýsem dünýäniň dilşynaslyk ylmynda hem öçmejek yz goýan meşhur Mahmyt Kaşgarly hem alymlaryň çaklamalaryna görä, öz eserini Yrakda has takygy irki orta asyrlarda yslam medeniýetiniň we ylmynyň ösen merkezleriniň biri hasaplanylýan Bagdatda ýazypdyr.2 Mahmyt Kaşgarlynyň atasynyň ady Hüseýin bolup, ol Barsgan şäherinde ýaşapdyr. Mahmyt Kaşgarly Barsgan şäherini türki kowumlaryň milli gahrymany Alp Är Tunganyň saldyrandygy, Barsganyň Alp Är Tunganyň (Afrasýap) oglunyň adydygyny, öz atasynyň hem şol şäherdendigini belläp geçýär.3 Mahmydyň kakasynyň asly Barsgan şäherinden bolsa-da, soň olaryň maşgalasy Kaşgara göçüpdir we Mahmyt şol ýerde doglanlygyny belli türk alymy, sözlügi türk diline terjime eden Besim Atalaý belläp geçýär.4 Yslam ensklopediýasynda bolsa başga bir türk alymy Ömer Faruk Akün onuň Barsganda doglandygyny çaklaýar. Mahmyt Kaşgarly oguz türkmenlerinden bolupdyr. Bu hakda onuň özi şeýle maglumat berýär: “Kitabyň ýazary Mahmyt diýer ki, şonuň üçindir ki biziň atalarymyz bolan beglere “hemir” diýerler, çünki oguzlar “emir” diýmezler “elip” harpyny “he” harpyna öwrüp aýdýarlar.5 Bu ýagadaýy häzirki zaman türkmen dilinde hem duýsa bolýar. Käbir türkmen dialektlerinde “akyl” – “hakyl”, “asal” – “hesel” görnüşinde gabat gelýär.

Merkezi Aziýa yslam dininiň aralaşmagy bilen bu topraklarda ýaşaýan halklaryň medeniýetine, ylmy-ygtykatlyklaryna, diline, edebiýatyna, ýaşaýyş-durmuş şertlerine araplaryň we yslam dininiň täsiri aralaşyp başlaýar. Araplar öz basyp alan ülkelerine yslam dinini ornaşdyrýardylar. Basylyp alnan ülkeleriň adamlarynyň belli bir topary arap ýurtlaryna ugradylýar. Şeýlelikde, Merkezi Aziýada we Uzak Gündogarda ýaşaýan türki kowumlar arap ülkelerine aralaşýarlar, olaryň dilini özleşdirýärler, yslam medeniýetiniň we ylymynyň ösüşine öňjeňli goşant goşýarlar. Ibn Sina (980-1037), Faraby (873-950), Ibn Jöwji (1257 ý. ölen), Ibn Taňryberdi (1496 ý. ölen) ýaly gelip çykyşy türkmen ýa-da türki kowumlardan bolan onlarça dünýä meşhur alymlar muňa mysal bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen türki kowumlaryň ýaşan ülkelerinde ýerli musulman döwletleri döräp başlaýar. Garahanly, Gaznaly, Seljuk türkmen döwletleri munuň aýdyň mysalydyr. Yslam dinini kabul etmezden ozal hem türki halklar, şol sanda oguz türkmenleri hem dürli şadöwletlerini we döwletleri gurupdyrlar. Saka – Iskit şadöwleti, Gaňly döwleti, Hun şadöwleti, Tabgaş döwleti, Gök – türk döwleti, Uýgur döwleti we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr (biz olaryň käbirlerini makalanyň başynda ýatlapdyk). Garahanly döwletini bolsa (840-932 ýý.) Kül Bilge esaslandyrýar. Garahanly döwleti ilkinji türki musulman döwleti hökmünde 932-nji ýylda esaslandyrylýar. Garahanlylaryň yslam dinini kabul etmegi olaryň hökümdary Satuk Bugra bilen baglanyşyklydyr. Satyk Bugra yslam dinini kabul edeninden soňra Abdylkerim lakamyny alýar. 

Garahanlylar döwleti we nesilşalygy ýewropaly gündogarşynaslar tarapyndan şeýle atlandyrylyp, ol “güýçli hanlyk (döwlet)”, “kuwwatly döwlet” manylaryny berýär. Türkmen dilindäki köp manyly “gara” sözi “uly”, “beýik” manylarynda (Garagum, Garadeňiz, Garadag, Garadepe, garamal (sygyr)) juda ýörgünli ulanylypdyr. Garahanlylar döwletiniň esasy şäherleri Kaşgar (Uzkent) we Balasagun (Guzkent) bolupdyr. Böri tegin Ybraýymyň Kiş, Sogd, Buhara şäherlerini eýelemegi we Ýusup Kadyr hanyň tabynlygyndan çykmagy netijesinde Garahanlylar döwletiniň Günbatar şahasy döreýär. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen uly giňişligi eýelän Garahanlylar döwleti Gündogar Garahanlylar döwleti we Günbatar Garahanylylar döwleti görnüşinde iki şaha bölünýär. 

Garahanlylar nesilşalygyny türkmenleriň garlyk taýpasy döredipdir. Garahanlylaryň hökümdarlarynyň käbirleriniň “ilek” unwanyny (derejesini) göterenligi üçin olara Ilek hanlar hem diýilipdir. 

Garahanlylar döwletini esaslandyran türki taýpa barada dürli garaýyşlar bar. Bu barada türk alymy A.Dilçar şeýle ýazýar: “Karahanlylaryň türeýisini türli Türk köklerine baglamak isteýenler olmuştur”.6 Şondan soňra alym türki taýpalaryndan uýgur, ýagma, çigil, garlyk diýen türkmen taýpalarynyň adyny getirýär. Soňra bolsa alym: “Bu görüşlerden en dogru olany, gelen kanuşa görä, Karluk görüşi olsa gerek” diýen pikiri öňe sürýär7. Alymyň bu pikirini iňlis alymy K.E.Bosword hem goldaýar.8 

Görnüşi ýaly, belli gündogarşynaslaryň aglabasy Garahanlylar döwleiniň döreýşini türkmen garlyk taýpasy bilen baglanyşdyrýarlar. Garlyklar babatda meşhur Mahmyt Kaşgarly şeýle maglumat berýär: “Karluk – Göşebe Türklerden bir bölgün adydyr. Oguzlardan aýrydyrlar. Oguzlar gibi Türkmendirler”9. Diýmek, garlyklaryň hem türkmen taýpalarynyň biridigi jedelsiz. Muny Mahmyt Kaşgarly öz meşhur işinde dört gezek nygtapdyr. Ýöne gynansak hem Garahanly türkmen döwleti hakynda edil Gaznaly ýa-da Seljukly we beýleki türkmen döwletleri barada düpli ylym işler türkmen alymlary tarapyndan ýazylmady. Ilkinji musulman türkmen döwleti hasaplanýan Garahanlylar döwleti öz agalyk süren döwürlerinde (X-XIII asyrlar) giň çäkleri eýeläpdir. Bu barada belli türk alymy şeýle ýazýar: “Orta Asýada Taňry daglary (Týanşan daglary – A.A.) çöwresinde we Maweraünnehirde, Kansudan Aral gölünün baty kyýalaryna kadar uzanan geniş sahada hüküm süren...”10. Garahanly döwleti musulman dinini kabul eden ilkinji türkmen döwleti bolmak bilen birlikde, türkmen dilindäki edebiýatyň hem sakasynda durupdyr. Dogry, Garahanlylar döwletinden ozal hem türkmen dilinde eser döreden şahyrlar bolandyr.

Muny belli pars şahyry Manuçehriniň (1041 ý. ölen): 

Be rahy türki mana ki hubter güýi, 

To şiri türki ber hwan mera we şiri guzy 

Türkiçe owadan sözlemegim üçin,

Sen maňa türkiçe we oguzça şygyr oka. 

– diýen beýdi hem tassyklaýar. Ýöne ol eserler biziň günlerimize doly gelip ýetmändir.

Merkezi Aziýany araplaryň basyp almagy we yslam dinini ornaşdyrmagy bilen bu ülkelerde ýaşaýan türki kowumlaryň ynanç-ygtykatlaryna, medeni durmuşyna, däp-dessurlaryna, edebiýatyna, araplaryň şol sanda yslam dininiň ynanç-ygtykatlary, dünýä garaýyşlary, medeni-syýasy düşünjeleri, edebiýaty öz täsirini ýetiripdir. Türk halklaryň öz musulman döwletlerini döretmegi we yslam dinini dürli ýollar bilen goldamaklary bu ýagdaýy has-da ilerledipdir. 

Hökümdarlar arassa türkmen ýa-da türki atlaryna derek yslam dini bilen baglanyşykly atlary özlerine dakypdyrlar. Bu ýörelge soňy bilen garamaýak halkyň arasyna hem aralaşýar. Türki kowumlaryň arasynda ilkinji musulman döwletini döreden garahanlylar ylmyň-bilimiň, medeniýetiň we edebiýatyň ösmegine aýratyn üns beripdirler. 

Balasagun, Kaşgar, Uzkent, Saýram, Samarkant, Buhara ýaly şäherler Garahanly döwletiniň medeni we ylmy merkezlerine öwrülipdir. 

Bu şäherlerde metjit-medreseler salnypdyr. Arap dili ylmy dil hasaplanypdyr. Balasagun, Kaşgar ýaly şäherlerde yslam ylmy we medeniýeti bilen bilelikde türkmen dilindäki ylmy we edebi eserleri hem döredilipdir. 

Balasagunly Ýusup Has Hajyby türki dilli ýazuwly edebiýatyň ilkinji eseri hasaplanýan “Gut edgu bilik” (bagtly edýän bilim) eseri, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat – it – türk” atly meşhur ylmy işi türki dilli musulman edebiýatynyň ilkinji eserleri hasaplanýar. Ahmet Ýüknekiniň “Hybatyl hakaýyk” eseri hem bu eserleriň yz ýany bilen dörän we türkmen dilindäki edebiýatyň ösüşine oňaýly täsir eden eserleriň biridir. Ahmet Ýüknekiniň bu eseriniň ylmy esasda öwrenilmäge başlanan ilkinji ýyllarynda onunň ady “Hybatyl Hakaýyk” görnüşinde alnypdyr. Çünki bu eseri ylmy jemgyýetçilige ilki bolup ýetiren türk alymy Nejip Asym bolup 1918-nji ýylda bu eseriň tekstini, faksimelini we türk diline terjimesini neşir edýär11. Şonuň esasynda bu eser “Hibatü-l-hakaýyk” (Hakykatyň bosagasy) rus, özbek alymlary tarapyndan öwrenildi.Wagtyň geçmegi bilen bu eseri we onuň golýazma nusgalaryny içgin öwrenen türk alymy Reşit-Rahmeti Arat Ahmet Ýüknekiniň gürrüňi edilýän eseriniň adanyň “Atabatyl hakaýykdygyny” ylmy esasda subut etdi12. Biz alymyň getirýän ylmy esaslaryny dogry hasaplap, ony “Atabatyl hakaýyk” (“Hakykatyň basgançaklary”)diýip atlandyrdyk.

Edip Ahmediň “Atabatyl hakaýyk” atly eseriniň dört golýazma nusgasy belli. Ylymda “A” nusga diýlip kesgitlenen uýgur elipbiýindäki nusga eseriň golýazmalarynyň arasynda iň ygtybarlysy hasaplanylýar. Samarkantly Zeýnelabydyn bin Soltanbagt Jürjany Hüseýini atly kätip tarapyndan 1444-nji ýylda göçürilen bu nusga Türkiýäniň Süleýmaniýa kitaphanasynda 4012-nji belgide saklanýar. 

Eseriň “B” nusgasy diýlip atlandyrylan ikinji golýazma hem Türkiýäniň Süleýmaniýa kitaphanasynda 4757-nji belgide saklanylýar. Kätip Abdyryzzak bagşy tarapyndan 1480-nji ýylda göçürilen bu nusga iki elipbiýde, ýokarsynda uýgur elipbiýinde, onuň aşagynda bolsa şol setir arap elipbiýinde ýazylypdyr.

Belli türk alymy Reşid Rahmeti eseriň “B” nusgasynda gabat gelýän we Arslan Hoja Tarhana degişli bolan: 

Atasy aty Mahmudy Ýükneki

Edip Ahmet ogly ýok ol hiç şeki- 

diýen setirdäki Ahmet sözüni kätibiň goýberen säwligi hasaplaýar we Ahmede derek Mahmyt bolmaly diýen pikiri öňe sürýär. Alym bu pikirini esere goşmaça hökmünde soň girizilen beýitleriň hiç birinde şahyryň hususy adynyň gelmeýändigi, diňe edebi tahallusynyň gelýändigi bilen esaslandyrýar. Biziň pikirimizçe bu ýerde hiç hili säwlik goýberilmändir. Derňelýän beýt eseriň üç nusgasynda: 

Atasy aty Mahmudy Ýükneki,

Edip Mahmyt ogly ýok ol hiç şeki

görnüşinde gelýär. 

Görnüşi ýaly, beýtde Mahmyt diýen has at iki gezek gaýtalanýar. Bu bolsa eseriň çeperçiligini az-kem peseldýär. Emma eseriň “B” nusgasynda Edibiň, ýagny ýazyjynyň atasynyň adynyň Mahmytdygy beýdiň birinji setirinde nygtalýar. Ikinji setirde bolsa Edip Ahmediň ýagny şahyr Ahmediň onuň, ýagny birinji setirde getirilen Mahmydyň ogludygy nygtalýar. Aslynda bu beýde nähili çemeleşseňde şol bir manyny almak bolýar. 

“Hybatyl hakaýyk” atly eseriniň üçünji “J” nusgasy Türkiýäniň Topkapy Saraý kitaphanasynda 35552 belgide saklanýar. Bu nusga arap elipbiýinde ýazylyp, onuň kätibi we senesi hakynda maglumat ýok. Eseriň golýazmasynyň 4-nji “D” nusgasy Uzunköprüde Seýit Alymyň kitaplarynyň arasyndan tapylypdyr. Soňra bu nusga näbelli sebäplere görä ýitipdir. 

Edip Ahmediň “Atabatyl hakaýyk” atly eseriniň golýazmalary barada giň maglumatlary belli türk alymy Reşid Ahmedi Azat “Atabatül – Hakaýyk” atly işinde beripdir.13

“Hybatyl hakaýyk” atly eseriň awtorynyň doly ady Edip Ahmet bin Mahmyt Ýüknekidir. Edip Ahmediň ýaşan döwri, ömri we döredijiligi hakynda biziň günlerimize juda az maglumatlar gelip ýetipdir. Bar bolan maglumatlar hem şahyryň biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk eseri “Hybatyl hakaýyk” atly eserinde saklanýar. Şahyryň bu eserinde özi hakynda berýän maglumatyna esaslanyp, onuň hususy adynyň Ahmet, edibi tagallasynyň bolsa Edip bolandygyny kesgin aýdyp bolýar:

Edip Ahmet adym, edep – pent sözüm. 

Sözüm munda galar, barar bu özüm. 

Bu maglumaty eseriň ahyryndaky böleginde ýerleşdirilen we Arslan Hoja Tarhana degişli hasaplanylýan:

Atasy aty Mahmudy Ýükneki

Edip Ahmet ogly ýok ol hiç şeki- 

diýen setirler hem tassyklaýar. 

“Hybatyl hakaýyk” 14 bapdan ybarat.

Edip Ahmet öz eserini musulman edebiýatynyň däbine görä Taňrynyň – Allanyň medhi, ýagny tarypy bilen başlaýar. Soňra şahyr onuň resuly – ilçisi Muhammedi we Muhammet pygamberiň dört ýaranlaryny taryplaýar. Şahyryň Taňryny, onuň resulyny, resulyň ýaranlaryny taryplaýan mahaly yslam dininiň mukaddes kitaby Gurhandan dürli aýatlary getirýär. Şahyr öz eseriniň ahlak-didaktika bagyşlanan baplarynda hem bu ýörelgä eýeripdir. Şondan soňra Edip Ahmet Dad Yspahsalary wasp edýär we öz eserini oňa bagyşlandygyny nygtaýar. 

Dad Yspahsalar beg üçin bu kitap,

Ýazyldy, dünýäde ady galsyn diýp.

Şahyr Dad Yspahsalary ynsanlar ony dogada ýatlasynlar, olaryň oňa bolan sylag-hormatlar ýüreklere dolsun diýen niýet bilen bu eseri ýazanlygyny ýatlaýar. Musulman edebiýatynda ýazylan eseri öz hökümdarlaryna, patyşalaryna sowgat etmek ýörgünli usullaryň biri. Bu däp aýratyn hem köşk şahyrlaryna mahsus bolupdyr. Ol şahyrlar hökümdarlara öz eserlerini sowgat etmek bilen, özleri hem patyşalardan sowgat – serpaý hantama bolupdyrlar. “Hybatyl hakaýyk” eserini içgin öwrenen türk alymy Reşid Rahmeti Edip Ahmediň öz eserini Dad Yspahasalar bege bagyşlanmagynyň maddy gymmatlyklar bilen baglanşykly däldigini nygtaýar.14

Dad Yspahsalaryň haýsy döwürde, nirede hökümdarlyk edendigi barada anyk maglumatlar ýok. Edip Ahmet ony şahym diýip dabaralandyrýar. 

E-ýa dil, taryp ýaz, beýan et hany, 

Men sowgat edeýin şahyma ony. 

Edip Ahmet Dad Yspahsalary parasatly, jomart, sowatly, umuman, belent adamkärçilikli hökümdar hökmüninde wasp edýär. Babyň başyndaky ýazgyda, ýagny bu babyň Dad Yspahsalara bagyşlanýandygynyň nygtalýan ýerinde bolsa ol türk we ajam (pars) hökümdary hökmünde nygtalýar. Edip Ahmediň ömri we döredijiligi bilen gyzyklanan alymlara bu şahsyýetiň kimdigini anyklamak häzirlikçe başartmady. 

Edip Ahmet eseriniň başky 5 babyny şygyr sungatynyň gazal galypy bilen ýazypdyr. Şondan soňraky baplary 4 setirli, rubagy galypynda ýazypdyr. Şygryň dörtleme galypynda XIII asyr türkmen şahyry Aly hem “Ýusup-Züleýha” eserini ýazypdyr. Edip Ahmet eseriniň 6-njy babyny ylym-bilime bagyşlapdyr. 

Şahyr adama ylym-bilim, sowat näme üçin gerek diýen sowaly öz öňünde keserdip goýýar-da, soňra oňa şeýle jogap berýär: 

Bagtyň ýoly bilim bilen tapylar,

Bilimli bol, taparsyň bagt güzerin.

Bellemeli tarapy, şahyr ylym-bilmiň diňe bir erkek adamlar üçin däl, eýsem aýal maşgalalar üçin hem zerurdygyny nygtaýar. Bilimsiz erkek adamlaryň namys agajyny yralap, olary zenana deňeýär:

Bilimli-bilimsiz haçan deň bolar?

Bilimli aýal-är, nadan är-zenan – 

Şahyr bilimiň ähmiýetini dürli mysallar bilen delillendirýär. Ol bilimi süňkdäki ýilige, akyla, gymmatbaha dinara, meňzedýär. Edip Ahmet bilim hakynda gürrüň edýän mahaly, gadymky nakyllary, atalar sözüni ýerlikli ulanypdyr. Türkmenleriň arasynda “Bilegi ýogun birini ýykar, bilimi ýogun müňüni” diýen halk nakyly häzirki döwürde hem ýörgünli. Bu nakyly Edip Ahmet şeýleräk görnüşde beýan edýär: 

Müň bilimsiz bir bilimlä barabar,

Muny aýdan akyldarlar – danalar.

Musulman edebiýatynda şahyr ylmy-bilim hakynda gürrüň edende köplenç dini ylymlary göz öňünde tutýar. Elbetde Edip Ahmet hem:

Bilim bile bilner ýaradan Taňry, 

Nadanlaryň işi jebirdir-görgi – 

diýen mahaly şol däbe eýeripdir. Emma şahyr diňe bir bu pikir bilen çäklenmeýär. Ol ylmyň-bilimiň, sowadyň ynsan durmuş ýörelgesinde möhüm orun tutýandygyny ýörite nygtaýar. 

Bilimli är biler etjek işini,

Soň ökünip, asla gysmaz dişini – 

Görnüşi, ýaly şahyr ylymly-bilimli adamlaryň haýsydyr bir işi başlamazdan ozal ol iş barada düýpli oýlanyp, soňra işe girişýändigini nygtaýar. Şahyr:

Ähli kirli zatlar ýuwsaň – tämizdir,

Nadany müň ýuwsaň, hiç tämiz bolmaz – 

diýen mahaly hem nadan adamlaryň oýlanmazdan edýän hereketlerini ýazgarýar. Şahyryň öz eseriniň esasy bölegini bilimiň peýdasy bilimsizligiň zyýany hakyndaky garaýyşlary bilen başlamagy hem onuň ylym-bilime goýýan aýratyn sarpasy bilen baglanyşykly: 

Sözüme bilimden esas goýaryn, 

Bilimli bol diýip dosta diýerin – 

Edip Ahmet adamyň durmuşda bagtly bolmagy üçin, onuň halkyň arasynda uly hormat-sylaga eýe bolmagy üçin ilkinji zerurlyk ylym-bilimdir, sowatlylykdyr diýen pikiri öňe sürýär. 

Eseriň “Diliňi saklamak we edep-ekram hakyndaky” baby hem şahyryň ylym-bilim baradaky garaýyşlarynyň üstüni ýetirýär.

Bilimli näme diýr, oňa gulak sal,

Edep başy dile erk etmeklik, bil!

Diliňi berk sakla, dişiň synmasyn,

Ýerliksiz sözlese dişi syndyr dil.

Şahyr bu ýerde “Dil bela, diş gala”, “Ýerin bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez” diýen nakyllary mysal getirmek bilen asylly endikleri wagyz edýär. Umuman, Edip Ahmet edep-ekram, dünýäniň wepasyzlygy, açgözlük, harsydünýälik hakynda pikir ýöredeninde nakyllary ýerlikli ulanýar. 

Asly görkli äriň gylygy dür dek,

Bu oňat gylyga baglanan gursak,

Adamdan adamyň köp welin parhy,

Seretseň barynyň başynda telpek.

 

Ýamanlyk edene etgil ýagşylyk,

Sahawat başydyr bu oňat gylyk,

Kimdir biri saňa ýagşylyk etse

Alkyş aýdyp, ýatlap gezgin ömürlik.

Edip Ahmet yslam dininiň ilki döwürleriniň beýleki şahyrlary ýaly (Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Gul Süleýman we beýlekiler) durmuş meselelerine, didaktiki wagyz-nesihatlara dini aňyýet bilen çemeleşýär. “Hybatyl hakaýykda” durmuş wakalary, tebigatyň keşbi suratlandyrylmaýar. Anyk hereket edýän gahrymanlar hem ýok. Bu eser Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy azat” eseri ýaly didaktiki mazmunly traktatdyr.

1 Nihad Sami Banarly. Resimli türk edebiýaty taryhy. Istanbul, 2001, 57 sah. 

2 Müderrisogly A. Seferogly Ş.K. Türk döwletleri taryhy, Ankara, 1986, 11 sah.

2 Diwanü lugat – it – türk (Besim Atalaýyň terjimesi). Ankara, 1998, 1 jilt. 12 sah.

3 Diwanü lugut – it – türk. Ankara, 1999, 3 jilt 417-418 sah. 

4 Diwanü lugat – it – türk. Ankara, 1998, 1 jilt 111-112 sah. 

5 Islam ansiklopedisi, 25 jilt, Ankara, 2002, 9 sah. 

6 Dilaçar A. Kutadgu bilig injelemesi. Türk dil kurumuýaýynlary: 340. Ankara, 1995, 13 sah. 

7 Şol ýerde 13 sah. 

8 Босворт К. Е. Мусульманские династии. ….. «Наука», М.: 1971, 157 стр.

9 Diwanü lugat – it – türk. Ankara, 1998, 1 jilt 472 sah. 

10 Nihad Samy Banarly, Resimli türk edebiýaty, tarihi. Istambul, 2001, 218 sah. 

11 Nejip Asym, Hibetü-l-hakaýyk. Istanbul, 1334-1918 

12 Edip Ahmet bin Mahmud Ýükneki Atabetül Hakaýyk, Ankara, 1992, 9 sah.

13 Atabetül hakaýyk. Reşid Rahmeti Arat. Ankara, 1992, 20-38 sah. 

14 T. Atabetül hakaýyk. Reşid Rahmeti. Ankara, 1992, 5 sah.

66 |
|