Makalama hoş geldiňiz
Tejrbilerimizden öwrenýäris, öwredýäris.
Missiýa
Biziň missiýamyz, türkmen dilindäki makalalaryň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda ähli türkmenlere aňsatlyk bilen elýeterli bolmagyny üpjün etmek. Türkmen diliniň tehnologiýada ösmegini goldamak üçin işleýäris. Jemgyýet makalam-da - biz jemgyýeti we tejribelerimizden öwrenmäge uly baha berýäris. Her kimiň goşant goşmak üçin gymmatly bir zadynyň bardygyna ynanýarys we hemmäni öz içine alýan we hemmeler üçin hoşniýetli platforma döretmäge synanyşýarys. Platformamyzdan başga-da, tehnologiýada türkmen diliniň ösmegine goşant goşýarys. Makalam taslamasynyň çäginde Django we CKEditor 5-e türkmen dil goldawyny goşduk we ösmegimizi we öwrenmegimizi dowam etdirenimizde has köp zat edip biljegimize ynanýarys. Topar Toparymyz, okyjylarymyz üçin maglumat beriji we ýakymly platforma döretmäge niýetlenen meýletinçilerden durýar. Ene diliňde gyzykly makalalar okap bilmegiň möhümdigine ynanýarys we türkmen dilinde okaýanlar üçin bir jemgyýet gurýarys.