Yslam diýýär: Aýalyň seniň durmuş ýoldaşyňdyr, hyzmatkäriň däl. Däp-dessur diýýär: Aýal nahar bişirmeli, öýi arassalamaly we hyzmat etmeli. Yslam diýýär: Allah näme diýer? Däp-dessur diýýär: Adamlar näme diýer? Yslam diýýär: Biz bir ymmatdyrys. Däp-dessur diýýär: Başga ýurtly biri bilen durmuş gurma. Yslam diýýär: Iman, gözel häsiýet we Allaha bil baglamak. Däp-dessur diýýär: Daşky görnüş, dereje we karýera. Yslam diýýär: Taýýar bolanyňda durmuş gur. Däp-dessur diýýär: 20 ýaşlaryňda durmuş gur.
Post
Erkekler, aýallaryň goraýjylarydyr, hojaýynydyr (Nisa süresiniň 34-nji aýatynyň başy). Wezipeler bölünendir we aýalyň wezipesi çagalara, öýe seretmekdir (Sahyh-y-Buhary, Abu Davud). Däp-dessurlar, rollara görä emele gelen düzgün-kadalardyr. Rol – etmeli zadyňdyr. Däp-dessur – nädip amal etmelidigini öwredýän zatdyr. Şol sebäpli bu ýerdäki "hyzmat", erkegiň ekläp saklaýyjy bolandygy üçin aýalyň hem çagalara, öýe seretmegidir.
Ýagny paýlaşylan wezipedir. Sen bu wezipelere "söýgi" diý, menem "hyzmat" diýeýin. Aýal nahar bişirmese, öý hojalykçy bolmasa erkek bilen deňine (şoňa ýakyn hak bilen) işlemeli. Eger öýe hyzmat etmeseň başlyga hyzmat etmeli. Şol sanda din, däp-dessurlardan aýry däldir. Konserwatiw gatnaşyklar üç faktordan emele gelýär, rollar, däp-dessurlar (rituallar) we din. Din iki kişiň hem şu wagtdan ünsüni sowup, has uly bir maksada gönükdirýän ulgamdyr.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.