
Post

2 jogap
Dogry aýdýaňyz. Öz derdim özüme ýetik seňki näme diýmän, öz derdiňi beýläk aýryp kömek sorap gelen dertlä nepiňi degrip bilseňöz başagaýlygyňdan nädip çykanyňy bilmän galýan ýagdaýlaryň bolýar. Eger muny edip bilmesň, imanyň gowşaklygynyň alamatydyr. Imanly adam derdi berýäniň dermanynam berýändigine çuň ynanýar. Başyňa düşen işem şeýle. Ýöne bu gaty uly synag.
,,Allah'ym, meni Öz'üňden başgasyna mätäç etme" diýip, dileg edýän halyfyna hz Muhammet saw şeýle jogap beripdir:,,Ýa,Aly! Ynsan ynsana mätäçdir, şonuň üçin meni başga kişä ýük etme" diýip dileg et".Bu sözler bolsa şu hadysy-şerifi ýatladýar:,,Ýürek -- özüne kömek eden kişini söýmäge meýilli edilip ýaradylandyr".Häzirki döwürde adamlaryň dillerinde şygar şu söz:,,Işi düşmese jaň edesi/gelesi ýok-la". ,,Işi düşmek" diýip atlandyrýanymyz -- mätäçlik.Minnet etmek ýerine, mätäçligi kanagatlandyryp ýagşylyk edip bilenimiz üçin hoşal bolmak gerek.Ählimiz ähli işde öz başymyzy özümiz çarap bilsek, heý-de ýaşaýyşda many bolarmy?!