Gir

Post

7 jogap

Emma başaraýsaň ondangörýän lezzetiň diýjekmi ýa Allaň berenine şüküriň diýjekmi, ýa günüňden hoşallygyň diýjekmi gaty üýtgeşik duýgular başyňdan geçýän bolmaly. Çünki sen kyn zady başardyň.

Köýnegi tapanlara tikip berdiňizmi ýa özüňize? Kime bolsa-da nesip etsin, düşümli bolsun. Hoş sözleriňiz üçin sag boluň.

"tikip berjekmi gyzym ikimiziñkini, senem tikip bilyan bolmaly"diydi, gyssag eken, menem töwekgellik edip alaydym, hem öñ yany göwnüme getiripdim, maña da bir sowalgalyk tikim bolsa, menem biraz yadasam,okap-yazyanlarmam şol isleñ dasyndan eydip beydip yetişsem, yazyp başlan zadymy duysam,(bir ulyrak zat başlapdym)has gowy bolar yaly dp, kabul boljakdyrda göwnüme getirenlem dp, 2 günde 3 köynek, taşlasym gelse-de: "Ârde gayrat bolsa işi kyn bolmaz" dp... yadamda arasynda şu makalanyzam okap... garaz. özümem monça boldym, olaram monça etdim.

3-4 gezegä okadym makalanyzy Ylyas aga şu gün, (meñem kakamyn gowy göryân sözi,yörelgesi: "Ber berekediñ artsyn" sözi) jemleme göwnüme júñk bolansoñ: "Köynek tikip begendireyin, menem begenerin" dp işledim. Şu yyla geçip birâ martda birem mayda özüme tikinip görüpdim,elimem çykyşypdyr.. Emgenenme de degdi: "Wah seni ozal tapmaly ekenik" diydiler. Gowy motiwasiyalar boldy.

Dogry aýdylan. Ybadat adamy ybadat edmeýänlerden tapawutly edýär. Ol özüniň Hakyň nökeri, tarapdarydygyny, Onuň gullugyna alnan esger ýaly beýleki raýatlardan üýtgeşiklidigi bilen tanadýar. Köpçülikde esger tapawutlanyp durandyr. Onuň boýun egýän, gulluk edýän, näme buýursa şony ýerine ýetirmäge yhlas edýän serkerdesi bar. Ybadat edýänleriňem serkerdesi - Allasy bar. Wagt ömürdä.

Ylýas aga, esger diýdiňiz welin ,,Esger ogluma hat" atly birnäçe bölümli ýazgylaryňyz ýadyma düşdi.Şol bölekleri birleşdirip, powest edip okyjylaryňyza pdf formatda ýetirseňiz nähili bolar :-)

Berip boljak iň gymmatly zat -- wagt. ,,Sözler köşkü" YouTube kanalynda gaýry dinliler bn gepleşýän alypbaryja ateist sowal berýär:,,Taňry näme üçin biziň özüne ybadat etmegimize mätäç?".Alypbaryjy:,,Haşa! (zynhar) Allah hiç bir zada mätäç däl.Ol diňe bizi ýaratmagyndaky maksadyny bizden talap edýär.Eger bir kişi saňa köp wagtyny bagş edýän bolsa, seni tanamaga yhlas edýän bolsa, ol kişi seniň üçin gymmatly,ähmiýetli bolar, ony söýersiň.Allah hem Özi hakda köp oýlanýan, Özüni tanamaga yhlas edýän we Özüne (ybadat bilen) wagtyny aýyrýan bendesini söýer ahyryn." Bu wideo mende täze nukdaýnazar oýarypdy: Söýginiň subutnamasy -- wagtyňy bermek.

"Sözler Köşkü" ýaly ynsanlary yryswa edýän, gaýrydinlileri we dinsizleri dünýäniň iň erbet ynsanlary hökmünde görýän kanal ýokdur.

Ýene 1 jogap

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç