Part 1 Teseýiň gämisi: Biz hakykatdanam şol bir adamlarmy? Iki sany ýakyn dost çagalykda aýrylyşyp, 20 ýyldan soň täzeden duşuşdy. Ikisem bir-birini tanamady. Ikisiniňem daşky keşbi, endikleri we dünýägaraýşy düýbünden üýtgäpdi. Hatda olaryň çagalykdaky ýatlamalary hem tas doly ýitipdi. Ylmy taýdan seretseň, her 7–10 ýyldan adam bedenindäki öýjükleriň ählisi diýen ýaly täzelenýär. Diýmek, olaryň çagalykda bile oýnan bedeninden hiç bir bölejik galmandy.
Post
Part 2 Gadymy grek filosofy Plutarh muny “Teseýiň gämisi” diýen paradoks arkaly düşündirýär: eger bir gäminiň ähli tagtalary wagtyň geçmegi bilen bir-birden täzelenip çalşyrylsa, ol henizem şol öňki gämimi ýa-da düýbünden täze gämi? Bu iki dostuň ýagdaýy hem edil şonuň ýaly. Olaryň bedenleri täze, pikirleri täze, hatda häsiýetleri hem başga. Ýeke-täk baglanyşyk — olaryň pastportyndaky atlary we könelişen suratlar.
Part 3 Şeýlelikde, sorag ýüze çykýar: Olar hakykatdanam 20 ýyl öňki şol iki dostmy? Ýa-da olar diňe öňki adamlaryň adyny göterýän iki sany nätanyş adammydy? Belki-de, biz ömrümiziň dowamynda bir adam bolup ýaşamaýarys. Biz her birnäçe ýyldan täze adama öwrülip, diňe özümizden öňki adamyň ýatlamalaryny miras alýarys. Indi oýlanyp görüň: Siz şu günki “özüňizmi”… ýa-da diňe geçmişdäki adamyň dowamymy? Belki-de, hakykat siziň pikir edişiňiz ýaly däldir.
Hasabyň adyny haçana Parahat Özjanow diýip goýjak?