Gir

Post

"- Garrapsyň. - Täzelik aýtdymmykam diýýäňmi? Özüň näme?" 🤓

9 jogap

Şeýle gyzygyp okanyňyza sag boluň. Söýgi diňe ýaşlarda bardyr diýip ýalňyşýarlar. Gaýta has kämil söýgi soň gelýän eken. Ýa-da ol soň hasam kämilleşýär, asyl manysyny tapýar.

garaz şu gün giçlige ýetişdirmeli işim bardy. agşam ýataýyn ertir ederindä dp, oturan ýerimden birsalym hekaýany okap, çagalygym, ejemiň kakamyň ýaş wagtlary ýadyma düşüp, arasynda ýylgyryp, arasynda bokurdagym dolup işläberipdirin:) işimem daň atmaka dyndaýdym:)

pylanyň ejesi "dogmangeçen, ýerçeken, meýdiýanan" diýýän eken dp geň görerdik. belki şoň üçindir gudaçylyk-baldyz-elti-gaýnekeji-meň üçin bulaşyk-düşniksiz sözlerdi. 16ýaşanymyň yz ýanlary öýe bir daýy bn 3aýal geldi. gaýdansoňlar ejemiň ýanyna baryp: "olar kimaý, näme diýýäler?!" diýsem, "täze daroşkmyzy görmäge gelipdirler" diýýär. Soň birhililik bilen-ä bildim gudaçylyga gelenlerdigni. Indi-indi "näme üçin aýtmadyňgy, iru-giç senden eşitmediklermi ilden eşidýän?!"-diýsem "Utandym-da, nädip aýtjagymy bilmedim"-diýýä:D ) kakam tersine gapdalynda otursañ turmasy kyn, biri biri bn şo dereje oñşyşyna oturyp oturyp geñ galyan. Arasynda meň üçin gülkünç owunjak öýkeleşiklerem bolýar.

Hekaýany bârde tâzeden okamsoñ şo ýeri meňem kellämde galypdy, laýyk yz ýanlary ejem kakama garrapsyñ diýdi. Menem käseleri çaýkamaga elime alypdym da, çalaja şygyrdam bolmasyn, kakam näme diyerkä dp diñşirgendim:D Kakam zat diýmedi,oña derek halys çydaman ejeme men diýdim "özüñ näme gy" :D Ejem bn kakamyñ hereketlerni soñky döwür içgin synlaýan, 2sany bir birine ters yaly häsiyet, ejemä öte dymma, käte köpçülikde bir zat gürlese aljyrap-utanyp yalñyşam gürläýýä, (bir mysal getiresim geldi: meň içgin gürleşýän joram ýokdy, kakamyň doganlary gelse de utanyp çaga oýnadyp ýören çagadym, myhman gelse de barmazdym. ejemem söwünmezdem,

Ylýas aga ,,Söýgi gutarýar" diýýänleri köp gördük, siz adamlary söýgüniň gutarmaýandygyna ynandyraýyň-da.Dowamyny haçan makul görseňiz paýlaşyň, saglyk bolsa biz okarys.InşaAllah!

Ýok gödek gelmedi.Tersine okan badyma güldüm, soňra-da henekli (ýumorly) dialog bolar öýtdüm welin garaşylmadyk şekilde aýal öýkeledi.Eserde ýüze çykýan garaşylmadyk wakany halaýan.Öýümizde kakam ejeme ,,hojaýyn" diýýär.Ejem kakama ,,Moskwaly oglan" käte arkasyndan ,,saçy ýok oglan" diýýär :-).Şeýle wäşi maşgalada ulalan gyza ,,Garrapsyň; özüň näme" sözleri gödek duýlup bilermi heý-de :-).

Söýgi gutarýar diýileni şu hekaýamy ýadyma saldy. Söýgi gutarmaýar diýesim geldi-de şuny goýaýdym.

Gödegiräk geldimi? Är-aýal-da. Ýöne äri dilinden sypdyran bu sözlerine ökünýär. Hekaýaň dartgynlaşýan ýerleriniň biri şu ýeri. Dowamyny bu gezek gijikdirip goýsam näder?

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç