...

Biraz Bashgacha

@biraz_bashgacha

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

Surat bu çeşmeden alnan: https://news.1242.com/article/486103/photo/486144 Biriniň geçen günleri ýatlap, bu günler barada igenip başlaýan wagty aňyryňa öwrülip, gözüňi agdarasyň gelýär, öňki adamlaryň has mähirli bolandygy barada, öňki aýdymlaryň, durmuşyň has gowy bolandygy barada diňlemäge özüňi taýýarlamak bilen bolýaň. Wim Wenders bolsa muny şeýle bir ussatlyk bilen edýär welin, oňa ynanasyň gelýär, we hat-da biraz gözüňem gidýär. The New Yorker bilen söhbetdeşliginde Wenders özüniň nostalgiýa, köne zatlary küýsemage, ýykgyn etmeýändigini aýtsa-da, onuň soňky filmi “Perfect days”…

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/ Daşary ýurtda ýaşap başlanymda ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady. Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar…

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Meniň hem dünýägaraýşym wajyp

Türkmenistana gidip gelenimden soň özümi duýşum şeýle bir erbetdi, ýöne köplenç özümi erbet duýanymda ýagdaýymy düşündirip bilmeýşim ýaly, bu gezegem nämäň “ne to”-dygyny, we nämäň meni şeýle agyr basýanyny kesgitläp bilemedim. Bedenimde bu duýgyny gowy yzarlap bolýa, ýöne sözlere salyp bolanok. Sözlere salyp bolmansoňam doly aň ýetirip bolanok. Garaňkyda sermeläp ýörmek ýaly sebäbinem sermeläp gözlemeli bolýar. Eger kinaýalap (obrazlap) aýtsam, men özümi kiçijek, güýçsiz duýdum. Meniň durmuşym, kararlarym we hereketlerim meniň ygtyýarymda däl ýaly. Men…