Post
Temperatura hakda ýazanlaryňyz boýunça, temperatura we energiýa - ikisi şol bir zat bolýarmy?
6 jogap
*skalýar. Muňa fiziki statistikada başgaça, termodinamika we molekulýar fizikada başgaça, kwant fizikasynda başgaça düşündiriş berilýär. Ýöne umuman aýdylanda, temperatura bu predmetiň ýylylyk häsiýetnamasy. Temperaturasy ýokary bolan jisime biz gyzgyn diýýäris, pes bolan jisime sowuk. Ýagny, temperaturany ölçän wagtymyz biz öz bedenimizi hasap başlangyjy hökmünde kabul edýäris. Ýene giňeltseň giňeldibermeli. Ýöne kän süýndirmäýin. Hem, "ýagny" sözüni gaty kän ýazypdyryn, bagyşlarsyňyz 😅
Garaz, gysgaça aýdanyňda, temperatura bu ýylylyk energiýasynyň mukdar ölçegi. Skalýat ululyk bolmak bilen, predmetiň berlen nokadynda ýylylyk energiýasynyň näçe mukdarda saklanýandygyny aňladýar. Ine, şeýle
Jedel ederlik)) Temperatura aslynda predmetiň ýylylyk häsiýetnamasy, onuň ýylylyk ýagdaýyny görkezýär. Temperatura gytaklaýyn hem bolsa, atomlaryň 0K temperaturadaky hereketi bilen baglanşygy bar bolanda-da, bu onuň ölçegi ýa energiýasy däl. Aslynda atomlar dynçlyk energiýasyna eýe bolany üçin yrgyldyly hereket edýärler. Hereketi netijesinde ýylylyk energiýasyny bölüp çykarýarlar (ujypsyz mukdarda). Ýagny, şol bölünip çykýan energiýany "ýylylyk" diýip atlandyrsa bolar. Ýylylyk energiýasynyň intensiwligini, ýagny dartgynlylygyny (başgaça ululygyny) temperatura üsti bilen aňladýarlar. Ýagny E=3/2kT. Muňa atomyň ýylylyk energiýasynyň formulasy diyilýär. Formuladan görnüşi ýaly, energiýa bilen temperaturany Bolsmanyň hemişeligi baglanyşdyrýar
Energiýanyň nämeligi aýry bir makala. Temperatura bolsa bir ýerde bar bolan kinetiki energiýanyň ortaça bahasyny aýdýar. Energiýanyň absolýut ölçegi däl-de ortaça bahasyny görkezýär.
Temperatura - hereket edýän atomlaryň döredýän energiýasynyň ortaça bahasy, energiýa bolsa başga bir zat. Ýagny, ikisi bir zat däl.
