5 minut alar
Nesibe (bolan waka)
Uzak gijäni çirim etmän geçiren Arslan otlynyň Aşgabada golaýlaýandygyny daş-töweregindäki adamlaryň hysyrdylaryndan aňdy. Bu pursat ol özüni gaplap alan gorky gatyşykly näbelli duýgulara erk etmäge çalyşdy. Özi bilen deň, mümkin ondan hem beter gijäni binjalyk bolup geçiren garşysynda oturan ejesinden nazaryny sowup, aladaly gözlerini gizlejek boldy. Ine-de otly soňky duralga gelip ýetdi. Ýolagçylar yzly-yzly orunlaryny boşadyp başladylar. Arslan üçin bolsa ýolbelediň açyp goýan gapysyna tarap ädim ätmek onuň güýç-gaýratyny synaýan ýalydy. - Oglum, bizem ýuwaşlyk…