3 minut alar
Mentalitet
Günleriň birinde Amerikada çykýan iri gazetleriň biriniň ýolbaşçysy bilen söhbet etdik. Ol özbekleriň näme üçin mähelläni (il-gün, oba, obanyň, il-günüň kada-kanunlary) beýle hormatlaýanlygyny, näme sebäpden mähelle bilen bagly degişli Kanun kabul edilenligini sorady. Mähelle diýilýäniň nähili institutlygyny düşündirip bermegimi haýyş etdi. — Men size mähelläni düşündirerden ejiz, jenap — diýdim gönimden gelip. — Bagyşlaň, siz oňa, barybir, düşünmersiňiz... Munuň üçin sizde-de, mende-de aýyp ýok. Ähli gep durmuş ýörelgeleriniň gurluşynda. Göz öňüne getiriň. Sizde perzent kämillik…