Gir
Makala
#edep

Ýüregimiz ýukalmasyn

@janjennet · 30-njy sentýabr, 2023 · 2 minut alar30 sen 2023 · 2 minut alar

Egin-eşik näçe köp geýildigiçe sary gitmek bilen bolýar. Kä ýerleri has ýukalýar. Joraplaň geýildigiçe ökjesi ýukalyp ýyrtylagan bolýar. illeň
köýneginiň nähili ýukalýandygyny bilemok, meň öýde geýýän köýneklerimiň dyzlary ýukalyp ýyrtylagan. Kiçijikkämem şeýledi. Ýöne o wagtlar geýilmekden ýaňa däl-de bir ýere ilişip ýyrtylardy. Ýama ýamanymda dynç alýan birine öwrüldim-şo ýyllardan bäri. Arada bir günem köýnegimi ýamadym. Ejem: “Şunyňy aýap geýýäý diýdim-ä”—diýýär. Içimden bir türk ştapeli 5 ýyldan köp nähili aýap geýip boljagy hakynda pikirlenýän...
Şol köýnegimi ýamanymda näme üçindir bir wagtlar bolan waka ýadyma düşdi.
Güýz. Töý möwsümi. Mähelle. Şol mähelläň içinden bir gyzjagaz, “Salam., genje!”—diýýär. Jogap, ýok. Belkem eşiden däldir. Ýene gaýtalanýar. Ýene jogap ýok. Üçinji gezek bu ýagdaýyň gaýtalanyp gaýtalanmandygyny iki tarapam ýatlap bilmese gerek. Gyzjagazyň şu
wagtam agyrýan dişlerini jatyrdadyp gysyşy, zoraýakdanam bolsa ýüziniň tüýsini üýtgetmejek boluşy ýadyna düşýär. Näme sebäpli Salamynyň alynmadygam(bu gyzjagazyň özünden başga kişä dahyly hem zyýany bolmadyk bir waka) her gezek her kime Salam berende ýadyna düşýär. 

21 yaşymdadyryn-da diýip hasaplaýan şo wagty, sanaýmalyja ýyl geçipdir. Näme üçindir, şondan soň sowuk-sala boldym, ozalam gaçgynym mähelledi. Dommadym. “Iň bolmanda ýüregim bilen Salam alyp bermäm bardy” diýýän, Indi olam galypdyr. Bu ýagdaý işde ünsimi çekipdi:
- “Salam, Jennet”
- “hümm, gowmy” ýa-da sessiz üýnsiz baş atyp geçmek.
Salam bereňde gowmylaşýan işdeşler, deregiňe Salam berip başlasa birhili utançmy, ýa-da başdansowmaga çalyşýan ýaly duýgy ýaşaýan ekeniň. Şondan bäri aýap ýören ýüregimi belkem, hemme ýerde ulanmalam däldir, ýa-da men gözümde ulaldýandyryn bolanlary. Ýöne, köýnekdäki ýamalar näme? Köýnegiň bir ýerinden ýama düşmäge başlasa, başga ýerleňem şo hetde barýandygyny göreňokmy näme? Ýüregimem hemme ýerde ulanybersem, ýukalyberip, ýamalmaly derejä  düşse näme? Soňam köne öý köýnekleri ýaly hiç zada ýaramasa näme? Walerýanka, karwolol içýänleri görüpdim, karwalolyň ysy ýaly bimaza ediji ysy henize çenli alyp görenim ýadyma düşenok. Haçandyr bir wagt, belli bir ýaşa ýetemde karwalol içesim gelenok. Haýsydyr bir işi ýüregim bilen edip, Salam almaýşym ýaly  bolasymam gelenok. Şonuň üçinem ýüregimiň ýukalmazlygynyň gamyny iýmekçi indiden beýäk. Belki, sizem pikirlenip görersiňiz.

©Jan Jennet

3

3 jogap

Yok garaly dâl. Dagdan agajy. Miweleri(iyilmese de miwe diyilyämikä, yöne bilmedim) külembike barmagyñ dyrnagy yaljak. Suratda ulyrak golaydan alnansoñ görünyä. Bu agaç jym gyzyl bägülimiz bar şon ortarasyndan ösüp çykdy. Yöritelbâ ekmândik. İlki başda inçejikdi, indi yognady. Bâgülede zyyan beryan yaly, ozalkylar yaly güllerden doly bolanok. Atam ejeme 2 sany romaşka beripdi. Biri gurapdyr. "Wah, atañ beren romaşkasynyn biri gurady"-diyyadi ejem, soñ ugryny öwrenen bolaymasa. Birjiginden gaty köpeldi. aşakda akja romaşkalar, üssinden jym gyzyl bâgül, bâgülin içinden çykyan dagdan, biraz añyrsynda hrizantemalar, tut agajy gaty owadan bolyady. Ysam seleñden shypaly. bu yyl biraz pesirâk yaly. 1-2 yyl ozal dañdan bägüli alan widyom bar wln,

Ýene 1 jogap

Her gezek gir diyyarmi shu sizede? Men her gezek hasabyma giribem yadayan. Login parol yazyanyzmy sizem ger gezek? Bir gezek yazsan, son sho ustroystwany yat tutyan dalmi ya sizinki? Ozum pragramis bolasammykam? :) Temanyn suratyny gowy gördum. Garalymy bular?

Ýene 1 jogap

Nädip gamyny iýmekçi? Ýüregi ýukalmakdan saklap bolýarmy? Köýnegi ýukaltman geýip bolmaýarka, ýüregi nädip ýukaltjak däl?

Bu pikir maňa görä ýöntem däl. Şeýdip ýaşamaga ymtylýan adamlar kän. Olar ýalandan gynanýarlar (ýürekleri ýukalmaz ýaly), ýalandan begenýärler ýene-de ýürekleriniň aladasyny edip. Emma ol ýürekler şeýle bir gaty hem galyň, olaryň ýukalmagy asla mümkin däl. Gaýta tersine, häzirki döwürde ýüregi ýukaltmak, onuň gatamagyna ýol bermezlik wajypmyka diýýän.

Ýene 2 jogap
3

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç