MAKALAM! MEN GAÝDYP GELDIM.
2 minut alar
Ýoldaky garalama belliklerimden
1- Täsir barada
Agzyňyzda eremeýän, emma akyllary eredýän bal ýaly süýji sözleriňiz bar bolsa, ýadyňyzdan çykarmakaňyz bellige alyň! Başagaýlyk bilen geçýän şu durmuşyňyzda köp zady ýadyňyzdan çykarşyňyz ýaly, olary hem ýatdan çykarmagyňyz adaty bir ýagdaýdyr. Wagt geler ýatlamak üçin ýatkeşligiňizi barlagdan geçirersiňiz, emma ýatkeşlik siziň iň uly duşmanyňyz bolar.
2- Arassaçylyk barada
Ýagşyň ýygy-ýygydan ýagyp, kirläp ýatan ýerleri arassalaýşy ýaly, gözýaşlaryň hem kirlän gözlerimizi arassalaýandygyna şaýat bolýarys. Arassaçylykdan soň düýpli özgerişlikleriň miwesi al-ýaşyl ösýän ösümliklerde gizlenýändir. Gözýaşlarymyzyň miwesi bolsa soňky gaýratlarymyzyň netijesine baglydyr. Dowamly akýan zadyň garşysynda durmak üçin ondan uly güýje we sabyra eýe bolmak gerek. Muňa güýjüňiz ýetse sabryňyz ýetmez, sabryňyz ýetse güýjüňiz ýetmez.
3- Öz durmuşymyz barada
Öz durmuşyňyzy ýaşaň we elmydama maksatlaryňyza okgunly hereket ediň, özgeleriň durmuşyna öýkünmäň. Maksadyňyza ýetmek daşda ýaly görünse hem ol görnerden hasam ýakynda bolup biler.
4- Şükür barada
Adamyň özüne berlen ähli nygmatlara şükür edişi we minnetdarlyk bildirmegi soňky geljek nygmatlar hazynasynyň açary hökmündedir. Şu wagtky ýagdaýymyza şükür ettigimizce hazynamyzyň köpeljeginden şübhe etmeris. Sebäbi gelen zatlara şükür edip, kanagat etmegimiz soňky geljek zatlaryň hem habarçysydygynyň şaýadydyr.
5- Maşgala barada
Maşgala – durmuşyň bezegi we bilelikde yaşamagyň manysydyr. Maşgalanyň iň wepaly iki agzasy - erkek we zenandyr, miweleri bolsa olaryň perzentleridir.
6- Garaşmak barada
Kimi dertleriniň dynmagyna garaşýar, kimi hassalygynyň şypasyna, kimi çagasynyň bolmagyna, kimi durmuş toýuna, kimi zähmetiniň netijesine, kimi bolsa arzuwlarynyň hasyl bolmagyna garaşýar.
©Serdaryň_pikirleri