Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Işdäaçar we gawun, garpyz toşap (şire) görnüşleri.

2 minut alar

Salam, bu gün 1 sany işdäaçar we garpyz, gawun toşablarynyň taýýarlanylyşy barada ýazmak isleýärin. 

Nohutly işdäaçar: 

Taýýarlamak üçin: 50 gram nohut, 30 gram duzlama hyýar, 30 gram ter pomidor, 20 gram gök sogan, ösümlik ýagy, galanlary tagama görä goşulýar. 

Taýýarlanylyşy: Nohudy saýlamaly, ýuwmaly, çişirmek üçin salkyn ýerde sowuk suw guýup (1 bulgur nohuda 2 bulgur suw) 5-8 sagat goýmaly. oňra suwuny döküp, gazana geçirmeli, üstüne suw guýmaly, duz atmaly, petruşka we seldereý otlaryny atyp, gazanyň gapagyny ýapyp, pes otda taýyn bolýança gaýnatmaly. Nohut gaýnap bişende soň ony süzgüje geçirip, suwuny sardyrmaly, gök otlaryny aýryp sowatmaly. 

Duzlanan hyýary, ter pomidory, gök sogany uzynlygy 1-2,5 santimetr edip böleklere kesişdirmeli we taýýarlanan nohudy garyşdyryp, ösümlik ýagyny, sirke, şeker we duz goşmaly.

Nohutly Işdäaçar

                                                   Işdäňiz açyk bolsun :)

Gawun Toşaby (şiresi) : Gerekli zatlar: 2-3 kg agramdaky 1 sany gawun we 2 bulgur şeker.

Taýýarlanylyşy: Gawuny ýuwup, iki bölege bölmeli, çigidini aýyrmaly. Soňra gawunyň lötüni çemçe bilen inçe gatlaklar görnüşinde aýryp almaly. Gawun lötünden haýal otda şire alynýar, yzyny üzmän bulap durmaly. Oňa şeker goşmaly we gawunyň löti doly ereýänçä gaýnatmaly. 

Taýýar şiräni sowatmaly we saçaga käselerde äbermeli.

Garpyz Toşaby (şiresi) : Gerekli zatlar: 4-5 kg agramdaky 1 sany garpyz, 4 bulgur şeker.

Taýýarlanylyşy: Garpyzy ýuwup, 2 bölege bölmeli we onuň lötüni owratmaly. Garpyzyň etini suwy doly aýrylýança sykmaly, suwt sözgöçden geçirmeli. Alnan suwa şeker goşmaly we 15-20 minudyň dowamynda haýal otda gaýnatmaly, ony dyngysyz bulap durmaly. 

Taýýar şiräni sowatmaly we käselerde saçaga äbermeli.

Gawun we garpyz şiresi

                                                      Işdäňiz açyk bolsun :)

 

31 |