Gir
Makala
Writer Cartoon Images – Browse 15,727 Stock Photos, Vectors, and Video | Adobe Stock
#aktual

MAKALAM.COM-YŇ USSAT WE HÖWESJEŇ ÝAZYJYLARDYR MUŞDAKLARYNA!

@serdaryn_pikirleri · 25-nji iýul, 2023 · 1 minut alar25 iýu 2023 · 1 minut alar

Dürli ugurlarda okaýan we zähmet çekýän, gymmatly wagtlarynyň belli bir bölegini makaladyr oýlanmalara sarp edýän ildeşlerimizi görüp, diýseň begenýärin. Şeýle höwes we hyjuw bilen irginsiz ýazylýan eserleriň geljekde hasam peýdaly çeşmä öwrüljekdigine hem doly ynanýaryn. Esasanam IT, geografiýa, ekonomika, medisina, psihologiýa, injinerlik we sanaman geçen beýleki ulgamlarda işleýän we hünär öwrenýän ildeşlerimiziň, durmuşa dürli nukdaýnazarlardan garamaklary, öz pikirlerini bir-birine meňzemeýän žanrlarda beýan etmekleri meni hasam guwandyrýar. Häzirlikçe ýazylýan her bir eseriňiziň gymmaty altyna barabar bolmasa-da, wagtyň geçmegi bilen dürli-dürli platformalarda ýeriniň mäkäm saklanjagyna garaşýaryn. Bu platforma mende, geljekde täze açyljak ençeme gapylaryň çeşmesi bolar umydyny döredýär. Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa, halkyň aňynda galdyrýan yzlaryny hiç kim siziň eliňizden alyp bilmez. Ol ýazgylar aňlarda elmydama ýaşar. Türkmen dilindäki çeşmeleriň artmagyna, onuň ýitip gitmezligine, galyberse-de ýaýramagyna goşýan uly goşantlaryňyz üçin hemmäňize sag bolsun aýdýaryn. Başyňyz dik, ruhuňyz belentde bolsun! 

 

Suratyň çeşmesi:

https://stock.adobe.com/tm/search/images?k=writer+cartoon

 

2

2 jogap

Örän ýerlikli belläp geçdiñiz. Jemgyýetimiziñ dünýä garaýşyny ösdürjek zat internetde ene dilimizde dürli dürli maglumatlaryñ köpelmegidir. Siziñ hem ýazýan makalalaryñyz özboluşly we peýdaly.

Gymmatly wagtyňyzy aýyryp, ýazýan her bir zadyňyzdan, okyjy öz isleýän zadyny tapar we alar. Çekilen azap bir gün ýerine gowşar.

"Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa", sen-ä oňarýaň-aý her gezek, tankyt bir zadyň ösmegine kömek edýän, adamlaryň ýalňyşlaryny görüp, hasam gowy zatlary etmegine sebäp bolýan zat. Muny bilmeýän biri ýazyjy bolmak aňyrda dursun, durmuşda-da ösüş gazanmaýar, kämillik ýolunda bir ädimem ätmeýär. Muny bilmeýän biri ne düýpli işleri amal edýän programmist, gowy goşgylar ýazýan şahyr, jemgyýetçilik işi edýän ýolbaşçy bolup biler. Muny bilmeýän adam barmy? Görýän welin bar, we bu bolşuň bilen diňe adamlara ähmiýetsiz zatlary hödürläp bilersiň.

We pikiriňem diňe utopiýa, bu barada hiç zat bilmän diňe "guwanýaryn" diýip geçipsiň. Nädip ösdürmeli, nädip höweslendirmeli, nädip gyzyklandyrmaly, nädip bir zatlary döretmeli, nädip eýleki adamlary dürli ylmy ugurlar bilen tanyşdyrmaly, nädip adamlara kitap dostlugyny gazandyrmaly, nädip jemgyýetçilik aňyny ösdürmeli, nädip filosofik aňy ösdürmeli, bu barada hiç zat ýazmansyň we çözgüdem bilýäne meňzäňok. Meselem men seniň hol günki utanjaňlyk barada makalaňy görsem, hiç zada-da gyzyklanmaryn, rast aýdaýyn. Has gowy çözgütleri tapmaga synanyşmaly, onam nädip etmelidigini nokatma-nokat, jikme-jik düşündirip bilmeli.

Ýene 4 jogap
2

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç