Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Himiýa inženeri

Küşt notasiýasy - Küştüň dili!

2 minut alar


Küşt notasiýasy, taktikalary öwrenmek, ýalňyşlara düşünmek ýa-da dostlaryňyzy geň galdyrmak üçin küşt oýunlaryny gaýta oýnap bilmegiňiz üçin oýunlary ýazga geçirmegiň amatly ýoludyr. Indiki oýunyňyzda küşt notasiýasyny barlap görüň - hiç bir zadyň hem size ýeňiş getiren göçüme ýüzlenme belgisi goýmakdan has kanagatlandyryjy däldigine göz ýetirersiňiz.

Algebriki notasiýa

Küşt notasiýasynyň iň amatly we ýaýran görnüşi Algebriki notasiýadyr. Bu notasiýa görnüşi küşt tagtasyndaky sanlary we harplary birikdirmek arkaly atlandyrýar.

Bu diagrammada ak patyşa c3 öýjügindedir we gara patyşa h5 öýjügindedir.

Aklaryň başlaýan ýeri bolan 1-nji setir tagtanyň ahyrydyr; garalar 8-nji setirden başlaýar. Sütünler bolsa aklaryň çepinden sagyna tarap atlandyrylýar.

Mundanam başga, çöpler üçin baş harplar şeýle ulanylýar:
Ş: Patyşa
W: Wezir
R: Ruh
P: Pil
A: At
Pyýadalar üçin harp ulanylmaýar.

Göçümi nädip ýazga geçirmeli

Göçümi bellige almak üçin çöpüň adyny we göçýän öýjügini ýazyň. Eger-de bir çöp iýilen bolsa iýmeler üçin göçülýän öýjük öňüne "x" belgisini goýmaly.

Mysal üçin, bu oýunda aklaryň birinji göçümi Ac3-dir; aty c3 öýjügine ýerleşdirýäs. Garalar f5 bilen jogap berýär (bellik: pyýada üçin harp ulanylmaýar). Aklar e4 göçýär we garalar bu pyýadany iýýär, fxe4, f5 öýjügindäki pyýada e4 öýjügindäki pyýadany iýýär. F setiri pyýadanyň adynyň ýerine geçýär pyýada üçin harp ulanylmaýandygy üçin. Aklar Nxe4 arkaly iýýär. Oýunyň dowamy şeýle ýazga geçirilen:

... Af6

Axf6+ gxf6

Wh5#

+ şah berilýändigini aňladýar, # bolsa maty aňladýar.

Aýratyn belgiler

x: iýýär
0-0: şatarap rakirowka
0-0-0: wezirtarap rakirowka
+: şah
#: mat
!: gowy göçüm
?: erbet göçüm

Üns çekmek üçin has köp ! ýa-da ? belgisi ulanylyp biliner.

Garyşyklykdan gaça durmak

Rd1 diýmek bu göçüm üçin ýeterli däldir - haýsy ruh göçdi d1 öýjügine?

Adaty notasiýasynyň garyşyklyk-nämälimlik ýüze çykaryp biljek ýagdaýynda göçýän çöpi anyk görkezmek üçin goşmaça san ýa-da harp ulanylýar. Şeýle, Rad1 bize a setirindäki ruhuň d1 öýjügine göçendigini görkezýär. Haçan-da pyýada garşydaş çöpi ele geçirende hemişe pyýadanyň haýsy setirden göçýändigini belläň, meselem fxe4 ýaly ýa-da gxf6 ýaly.

Beýleki notasiýalar

Köp küştçiler häzirki döwürde Algebriki notasiýa ulanýar ýöne başga wariantlar hem bar:

Uzyn algebriki notasiýa asyl öýjügi we göçülýän öýjügi bellige alýar.

Has köne ulgam bolan suratlandyryjy notasiýa sütünleriň atlaryny oýun başynda o sütünde haýsy çöpüň durýandygyna seredip atlandyrýar. Meselem, c setiri WB ýa-da weziriň piliniň sütün diýip atlandyrylýar. Setirler bolsa her küştçiniň nukdaýnazaryndan atlandyrylýar. Aklar üçin Wb3 garalar üçin Wb6dyr.

Bu makala şu makalanyň kopiýasydyr.

36 |