Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kompýuter tehnologiýalary

2 minut alar

Kompýuter tehnologiýalary iň ýaş ugurlaryň biridir. Kompýuter tehnologiýasy dünýäde öňde baryjy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda habarlar, aragatnaşyk tehnologiýalary ýokary depginler bilen ösýär. Öýjükli telefon aragatnaşygynyň maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi onuň şaýadydyr. Şol tehnologiýalaryň düzümi öwrenilende olaryň kompýuter ugruna esaslanýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanda kompýuter tehnologiýalarynyň soňky gazananlary ulanylýar. Ýurdumyzda öňde baryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şol işlerde  Hormatly Prezidentimiziň ýardam bermegi olaryň tiz depginde amala aşmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň Baştutany innowasion tehnologiýalara üns erýär we olaryň has netijelileriniň döwletimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň islendik pudagynda öňünde täze meseleler goýulýar. Şol meseleleri üstünlikli çözmek üçin diňe bir tehnologiýalar ýeterlikli däl. Şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Kompýuter tehnologiýalary öz düzümine birnäçe ugurlary we derseri alýar. Olara umuman aýdaňda programma düzmek birnäçe ugurlary we dersleri alýar. Olara umuman aýdanyňda programma düzmek, multimediýa tehnologiýalary, grafika we bezeg işleri, tory dolandyrma, amallar ulgamy we programma üpjünçiligi, kompýuteriň içki gurluşy we ş.m degişli etmek bolýar. Häzirki wagtda komýuterler önümçiligiň islendik pudagynda giňden ýaýrandyr. Şonuň üçin hem talyplaryň haýsy hünär boýunça bilim alýandygyna garamazdan kompýuter tehnikasy öwrenilýär. Bilşimiz ýaly, komýuter tehnologiýasy gün-günden ösýär.

Onuň ösüşi diňe bir komýuter tehnikasy we oňa degişli bolan gurluşlaryň kmilleşmegi bilen  bagly bolman, eýsem komýuter programmalarynyň wagtal-wagtal täzelenmegi, öňki görnüşlerine görä kämilleşmegi bilen hem bagly bolup durýar.

Häzirki komýuterler inženerleriň, lukmanlaryň, kassalaryň we kitaphana işgärleriniň, şeýle hem dürli kärdäki adamlaryň durmuşyna ornaşyp, olaryň ýakyn kömekçilerine öwürdiler.

Komýuter tehnikasy hemişe kämilleşýär. Şol bir wagtyň özünde informasiýalary tehniki toplamagyň, gaýtadan işlemegiň we beýan etmegiň usullary hem ösýär, özgerýär. Soňa görä-de informatika ösýän ylymdyr.

 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalary uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň II ýyl talyby Mämilow Maksat we Balşaýew Hojamyrat

79 |
|