4 minut alar
"Gorkut ata" eposy, Eneler hakynda
Eneler hakynda kelam “Gorkut ata” eposy göçme sýužetleriň jeminden beýan bolan folklor eserleriniň hataryna girýär. Şu hili sýužetli eserleriň obrazlar ulgamyny derňemekde bir bökdençlik ýüze çykýar. Ol hem her boýuň, hatda, öz içinde-de belli bir obraz liniýasyny saklap bilmeýänligidir, ýagny bir-de garadangaýtmaz keşpli gahrymanyň birden gorkak keşbe geçmegi we ş.m. Bular ýaly hadysa folklor eserleriniň halk tarapyndan döredilýändigi üçin bolup geçýär. Logiki obrazlar liniýasyny döretmek diňe bir ýazyjynyň galamyna degişli bolup, ähli ünsüň şoňa gönükdirilmegini…