"Gorkut ata" eposy, Eneler hakynda
4 minut alar
Eneler hakynda kelam “Gorkut ata” eposy göçme sýužetleriň jeminden beýan bolan folklor eserleriniň hataryna girýär. Şu hili sýužetli eserleriň obrazlar ulgamyny derňemekde bir bökdençlik ýüze çykýar. Ol hem her boýuň, hatda, öz içinde-de belli bir obraz liniýasyny saklap bilmeýänligidir, ýagny bir-de garadangaýtmaz keşpli gahrymanyň birden gorkak keşbe geçmegi we ş.m. Bular ýaly hadysa folklor eserleriniň halk tarapyndan döredilýändigi üçin bolup geçýär. Logiki obrazlar liniýasyny döretmek diňe bir ýazyjynyň galamyna degişli bolup, ähli ünsüň şoňa gönükdirilmegini talap edýär. Şol sebäpden eposda enäniň, ogluň, doganyň, maşgalabaşynyň...obrazlary her boýda dürli – dürli röwüşde suratlandyrylýar. Boýlaryň hersi dürli wagtlarda döredilipdir. “Gorkut ata” eposy mongollaryň “Mukaddes Beýan” (“Mongolyn nuuç towçoo”) diýip atlandyrýan taryhy edebi ýadygärligine ýazylyşy, beýan ediş usullary boýunça örän meňzeş. “Mukaddes Beýan” eseri 1240-njy ýylda ýazylypdyr, awtory näbelli. Edil “Gorkut atada” Baýandyr hanyň we Salyr Gazanyň şejere daragty hakynda söz açylyşy ýaly, bu kitapda-da Borjigit (megerem, börijigit – böriýigit) şejeresi hakynda söz açylyp, Çingiz hanyň hem gelip çykyşynyň şolardandygy aýdylýar. Eserde gadymy mifler, gadymy eposlardan bölekler, halk rowaýatlary uly orun tutýar. Ýadygärligiň üçden bir bölegi şygyr bilen ýazylan. “Gorkut ata” eposynyň gurluşy bilen gyzyklanýan edebiýatçylara deňeşdirip görere zat bar. Sebäbi “Gorkut ata” eposyndaky aýdymdyr şygyrlaryň, ýagşy doga – dilegleriň mazmuny her halkyň ruhy medeniýetine görä üýtgese-de, olaryň beýan ediliş usullary birmeňzeşdir. Usul eseriň formasy hem, mazmuny hem däl-de, ol diňe şol eseriň ýazylyş ýoly, täri bolýar. Forma bilen mazmun bolsa, eseriň özeni bolýar. Bu ýerde eseriň usuly onuň kompozision gurluşynyň esasy diýmek mümkin. Şol sebäpden usul, esasan, döwri bilen baglydyr. Mazmun bilen forma bolsa, halkyň ruhy bilen baglydyr diýip bileris. Diýmek, usul – taryhy bölek, taryhy element derjesinde seljerilmäge degişlidir. “Mukaddes Beýanyň” şygyrlarynyň mazmuny şulardan ybarat: Aýdymlar Ene – atalaryň Ant, kasamlar ogullaryna sargytlary “ Ilçi” sözler öwgüler (magtaaly) alkyş – dilegler (ýerooly) Çyzgydan görnüşi ýaly, bu eser “Gorkut ata” eposynyň poetik gurluşyna meňzeş bolup, iki eseriň deňeşdirme derňewine zerurlyk çekýär. Mongollaryň Orta Aziýa aralaşmagy bilen, elbetde, köp üýtgeşmeler bolup geçdi. Şol üýtgeşmeler ilkinji nobatda halkyň edebiýatynda öz beýanyny tapdy. Ine, biziň eposda köp gaýtalanýan obrazlaryň (enäniň, ogluň, doganyň, äriň) belli bir häsiýetnamasy ýok diýmegimiziň sebäbi hem şundan gelip çykýar. Olar wagt taýdan dürli – dürli döwürlerde döredilip, öz döwrüne mahsus häsiýetleri özünde saklaýarlar. Şol sebäpden haýsydyr bir köp gaýtalanýan obrazyň derňewi geçirilse, onda ony döwürlere bölüp derňemek zerurlygy ýüze çykýar. Eposdaky enäniň obrazyny mysal alyp göreliň. Bu obrazyň örän köptaraply häsiýet alamatlary bar. Şol sebäpden ony ilki bilen: a) Döwri boýunça; b) Jemgyýetde eýeleýän orny boýunça; c) Bitirýän hyzmaty boýunça toparlara bölmek ýerlikli bolardy. Halkymyzda enäni ojagyň başy hasaplap, öýüň häkimiýeti şolara geçirilipdir. Eneler bilen bagly ýüze çykan däp – dessurlaryň biri hakynda Hormatly Prezidentimiz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda: “Başyňa telpek geýmek” düşünjesiniň asylly ynsan häsiýetini alamatlandyrmakdaky milli ruhy esaslary bolsa, köpler üçin düşnüklidir. Bu parça enäniň ogly üçin ynsanlyk mertebesiniň ruhy başlangyjydygyny hem aňladýar” (sah.11) – diýip agzap geçýär. Däp – dessurlary simwolik, tradision, medeni, gündelik, ritual ýaly görnüşlere bölmek mümkin Şularyň içinde simwolik däp – dessurlar ýokary gatlak wekilleriniň arasynda has giňden ýaýrapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan kitabyndaky ýokarky epizody hem şeýle däp –dessurlaryň hataryna goşmak mümkin. Hormatly Prezidentimiz şol kitabynda asylzada zenanlaryň keşbine häsiýetnama beripdir. Biz şol häsiýetnamany örän wajyp hem-de mazmunly hasaplap, aşakdaky ýaly toparlara böldük: a) Paýhasly garaýyşly; b) Edaly; c) Töweregine kän bir ähmiýet bermän, öz içki dünýäsine mübtela. Ine, şu sypatlar “Gorkut ata” eposyndaky oguz zenanlarynyň hem sypatlarydyr. Haýran galdyrýan ýeri, birnäçe asyrlaryň geçendigine seretmezden, türkmen zenanlarynyň berk ruhunda şeýle ajaýyp sypatlaryň häzirki günlerde-de ýaşamagyny dowam etdirýänligidir. Türkmen zenanlarynyň içki ruhy sypatlary barada ýazylan ýörite ylmy iş ýok. Bu baradaky ýazgylar dürli döwürlerde toplanan etnogrfik maglumatlaryndan aňry geçenok. Ýöne şol maglumatlaryň ählisinde diýen ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen zenanlaryna beren häsiýetnamasy bilen mazmundaş sypatlar agzalýar. Türkmen zenanlarynyň ýüzüni we ýeňini ýapmasalar-da, ahlak taýdan arassa zenanlardygy nygtalýar. “Watançylyk borjuny perzentlik borjundan üzňelikde göz öňüne getirip bilmeýärin. Sebäbi öz ýakynlaryňa, özüňi dünýä indiren mähriban ynsana ygrarlylyk watançylygyň ilkinji binýady” – diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri “Gorkut ata” eposyndaky Salyr Gazanyň duşmanyň eline ýesir düşen maşgalasyndan kimi halas etmelidigini saýlamaly bolanda: “ – Şükli Melek, tüýnügi altyn bowun öýlerimi getirtdiň, saňa kölege bolsun; agyr hazynamy getirtdirip sen – saňa harçlyk bolsun; kyrk inçe billi gyz bilen Burla hatyny getirdirip sen – ýesir bolsun; kyrk ýigit bilen oglum Orazy getirtdirip sen – guluň bolsun; atlarymy getirtdirip sen – saňa minit bolsun, hatar – hatar düýelerimi getirtdirip sen – saňa ýüklet bolsun. Garryja enemi getirip sen, emma enemi maňa ber, söweşmezden, uruşmazdan gaýdaýyn yzyma, muny biläý!” – diýen sözleri bilen utgaşyp gidýär. Salyr Gazan öz enesini saýlaýar, çünki eneler – Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, “ähli başlangyçlaryň başlangyjydyr” Bägül ATAÝEWA