Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Pikir dünýäsinde...

2 minut alar

Wagt we giňişligiň daşynda, ylym bilen pelsepäniň çatrygynda duryn. Özümi älem giňişliginde ýaňlanýan bir pikir synagynda ýaly göz öňüne getirýärin. Kwant mehanikasynyň näbelliligi meniň her bir atomumy sarsdyrýar we Şrýodingeriň pişigi ýaly men häzirki wagtda bar we ýok.

Şrýodinger daýymyň bir wagtyň özünde öli we diri pişigi

 Paralel älemler teoriýasynyň tükeniksiz mümkinçilikleri bilen öz barlygyma şübhelenýän pursadymda, Zenonyň hereket paradoksyna-da ýapyşdym.  Bir ýere gitmek üçin ilki bilen ýarym ýoldan geçmeli, soň ýarsyny, soň onuň ýarsyny, soň onuň ýarsyny, soň onuň ýarsyny...

Zeno paradoksy

Soňsuz fraktallar... näme bulaň hemmesi illýuziýamy? Barzat aldawmy?

Fraktallar

Bu pikir akymynda, Laplasyň şeýtanynyň egnimde oturanyny göz öňüne getirýärin. Älem döräli bäri her bölejigiň ýagdaýyny we tizligini bilseler, geljegi we geçmişi doly jikme-jik aýdyp biljek akyl. 

Emma kwant dünýäsiniň näbelliligi şeýle kesgitlemäniň ýolunda durýar. Kararlarymyzyň her biri, pikirlerimiziň her biri älemiň başga bir tarapyna tarap süýşýär we täze mümkinçilikler döredýär. Paralel älemler ideýasyna gaýdyp gelýärin. Belki, edil şu wagt bir ýerde başga bir kararyň netijesinde başga bir durmuşda ýaşaýan başga bir MEN bar.  Bu men'i çuňňur höwes we bilesigelijilik bilen doldurýar. Häzir beýleki MENleriň biri göz öňüme getirip bilmejek derejede bagtly? Ýa-da başga bir MEN durmuşyň rehimsiz tolkunlary bilen göreşýär? Bu pikirleriň arasynda özümi ylmy fantastiki romanyň sahypalarynda görýärin. Ýazyjy meniň barlygymy ruçkasyndan akýan syýa bilen şekillendirýär... Şeýlelik bilen, älemiň syrlaryny açmak üçin eden pikir syýahatym diňe bir daşarky dünýäni däl, eýsem özümi hem açmaga sebäp bolýar. Içki dünýä.  Öz aňymyň labirintlerinde aýlanyp ýörkäm, iň uly syryň özümize düşünmekden ybaratdygyna düşünýän.  Bu syýahat tükeniksiz älem ýaly syrly we açylmagyna garaşýar...

69 |
|